“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek ugrunda

8 Fewral 2023
742

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ähli bilim edaralarynda, şol sanda umumybilim berýän orta mekdeplerde hem ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny we hili yzygiderli kämilleşýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzda kabul edilen 2019 - 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda ylym-bilim ulgamynda hem, täzeçe maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” kabul edilip, onuň durmuşa geçirilmegi bolsa, jemgyýetimiziň we döwletimiziň gülläp ösmeginiň bähbidine ykdysadyýete we beýleki ugurlara innowasion serişdeleri ornaşdyrmaga mümkinçilik berer. Sanly bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek üçin onuň tehniki we programma üpjünçiligi berjaý edilmeli. Munuň üçin, ilki bilen lokal tory döredilýär we oňa serwer birikdirilýär. Ulgamda elektron görnüşli maglumatlar, ýagny, sapaklaryň ýazgylary, sowalnamalar, okuw kitaplary, gollanmalar, wideolar ýazgylar, prezentasiýalar we suratlar ýerleşdirilýär. Serwerde gurnalan degişli operasion ulgam we programma üpjünçilikler arkaly sanly bilim portalynyň üsti bilen maglumatlar ulanyjylar köpçüligine ýetirilýär.

Beýleki habarlar