Sanly ulgam — döwrüň talaby

1 Fewral 2023
846

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy ösdürmek, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga oňyn ýardam edýär.

Mobil ulgamlarynyň täze nesli, öňki nesillere garanyňda, has peýdalydyr. Alyp görsek, geçen sanlyja ýyllarda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň 2G, 3G, 4G görnüşleri uly üstünliklere eýe boldy. Indi bolsa täze 5G görnüşde hem giňişleýin maglumatlary alyp bolýar.

Ymamkasym MEREDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Ykjam we wideomaglumat tehnologiýalary kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar