SANLY ULGAMYŇ SANSYZ MÜMKINÇILIKLERI

8 Fewral 2023
870

Akyl-paýhas, ylym-bilim — her bir ýurduň öňegidişliginiň we kuwwatynyň iň esasy çeşmesi. XXI asyr, sözüň doly manysynda, ylym asyrydyr. Ylym-bilim jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrüldi. Bu gün ylym-bilimiň kömegi bilen awtomatik tilsimatlar, maksatnamalaýyn dolandyrylýan kuwwatlyklar, kompýuterleşdirilen enjamlar ynsanyň bähbidine gulluk etdirilýär.

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýäniň, döwrüň ösüşi bilen deň gadam urýar. Ýokary derejede alnyp barylýan döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda uly üstünliklere, belent sepgitlere ýetilýär. Durmuşymyzy özgerdýän beýleki ugurlar bilen bir hatarda sanly tehnologiýalar hem bütin Ýer ýüzüniň ýaşaýjylary bilen birlikde, biziň hem durmuş ýörelgämizi düýpli özgerdýär. Biz indi gündelik durmuşymyzy kompýutersiz, smartfonsyz, durmuş elektronikasy bolmazdan göz öňüne getirip bilmeýäris.

Begmuhammet MEREDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar