Sanly bilim — döwrüň talaby

6 Fewral 2023
679

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty esasynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Döwrebap tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanyp, sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy jemgyýetiň aň-düşünjesini, dünýägaraýşyny has-da ýokarlandyrmakda täze mümkinçilikleri açýar. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bu ugurda strategik ähmiýetli resminamadyr. Onuň esasy maksady bilim bermegiň ähli basgançaklarynda okatmagyň maksatnamalaryny ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün etmek hem-de uzak aralykdan bilim bermek arkaly degişli ulgamyň kämilleşdirilmeginden ybaratdyr.

Ogulbehişt NYÝAZSEÝIDOWA,
Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň iňlis dili mugallymy.
Beýleki habarlar