«Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlarynyň işe girizilmegine laýyk bir ýyl boldy

2 Fewral 2023
670

2022-nji ýylyň 1-nji fewralynda işe girizilen «Onlaýn taksi» we «Duralga» hyzmatlaryna indi bir ýyl boldy. Taksi sargyt etmek we şäheriçi jemgyýetçilik awtobuslarynyň hereketlerini yzarlamak hyzmatlarynyň ykjam goşundylary bu gysga döwrüň içinde türkmen paýtagtyndaky internet ulanyjylaryň iň köp peýdalanýan programmalaryna öwrüldi.

Bu günki günde «Onlaýn taksi» ykjam goşundysynyň hyzmatyndan ortaça 25 müňden gowrak adam peýdalanýar. Onlaýn hyzmatyň hünärmenleriniň bellemegine görä, bu hyzmatyň işlän ilkinji ýylynda «Hyundai» kysymly awtoulaglar Aşgabadyň çäginde 500 müňden gowrak ýolagçyny daşadylar.

Beýleki habarlar