"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän işler

16-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar

15-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi.

Belent üstünlikleriň beýany

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatçylygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, ynsanperwerligiň, dost-doganlygyň dabaralanýan ýurduna öwrüldi. Ýurdumyzda ýokary derejede alnyp barylýan daşary syýasat netijesinde ösüşiň täze belentliklerine göterilýän Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň arasynda döwrebap hyzmatdaşlyklar üstünlikli ýola goýulýar. Ösen döwletler bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň kuwwatynyň halkara derejesinde pugtalandyrylmagy netijesinde, parahatçylygy, asudalygy, abadançylygy berkitmekde beýik işler alnyp barylýar. Dünýäniň ösen döwletleri bilen hyzmatdaşlyklar döwrebap ösdürilýär. Şeýle hem dünýäniň ençeme abraýly guramalary bilen Türkmenistanyň özara bähbitli ýakyn hyzmatdaşlyklarynyň täze tapgyrynyň rowaçlanmagy ýurduň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan demokratik ýurt hökmünde belende göterilmegini alamatlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň biragyzdan goldamagynda içeri we daşary syýasatyň esasy özeni bolan hemişelik Bitaraplyk derejesi iki ýola ykrar edilen Garaşsyz Türkmenistan döwleti bu gün ösýär, özgerýär we dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny tapýar.

Buýsanja beslenýän şanly wakalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýär. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän, ýurduň durmuşyndaky iri jemgyýetçilik-syýasy waka bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem barha golaýlaýar. Döwlet-jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşýan ýaşuly nesliň işi, durmuşy ýaş nesil üçin halallygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň mekdebidir. Ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň maslahatda garalmagy çuňňur many-mazmuna eýedir. Iri möçberli milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde Halk Maslahatynyň uly orny bardyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýaşuly nesliň sözüne hem uly orun berilýär. Ýaşuly nesle sylag-sarpanyň egsilmezligi, olaryň her biriniň ählitaraplaýyn alada bilen gurşalandygy, eziz Diýarymyzda il-ýurt bähbitli amala aşyrylýan ägirt uly işleriň pähim-paýhasyň mekdebi bolan ýaşulular bilen maslahatly çözülýändigi berkararlykdan, agzybirlikden, döwletlilikden nyşan.

Berkararlygyň dünýä ýaýraýan şuglasy

Ýakynda «World Smart City Expo» atly halkara sergä gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan, Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdeleriniň öndürijileri bilen duşuşmak we degişli zawodlaryň işleri bilen ýerinde tanyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde gulluk iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde wekiliýet agzalary myhmanlary Arkadag şäherine bagyşlanan sergi bölümi, şäheriň mümkinçilikleri we aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar. Şonda ýurdumyzyň Arkadag şäheriniň 3 sany baýraga — «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly baýraklara mynasyp bolmagy, şunlukda «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» diýen baýrak bilen diňe Arkadag şäheriniň sylaglanandygy bütin türkmen halkynyň buýsanjyna buýsanç goşan waka boldy. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan «akylly» şäheriň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir.

Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk mukamy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli pudaklarda Garaşsyzlyk baýramy ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Garaşsyzlyk — bu eziz Watanymyzyň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny şöhratlandyrýan mukaddeslikdir. Garaşsyzlygymyzyň geçen şöhratly 33 ýylynyň içinde ata Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitleri eýeledi, dünýäniň iň bir gülläp ösýän ýurtlarynyň hatarynda orun aldy. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň netijesinde döwrümiziň belent maksatnamalary üstünlikli amala aşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň kämil syýasy ýol-ýörelgesi milli we ruhy gymmatlyklardan ugur alyp, türkmen jemgyýetimiziň öz geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda döwlet syýasatynyň ykdysady, medeni we beýleki ulgamlarda üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde hem aýgytly we ygtybarly orun eýeleýär. Häzirki wagtda oba hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, ylym-bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynda, şäherleriň, etraplaryň, obalaryň döwrebaplaşdyrylmagynda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler hem ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine çykarýar. Şol bir wagtda uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bütin dünýäde at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha artýandygy biziň her birimizi

Ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallasy bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň täze belentliklerine barýar. Ösüşiň täze belentliklerinde milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanýandygyny, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň üpjün edilýändigini aýdyň görmek bolýar. Şonuň üçin hem halkymyz ertirki günlerimiziň hem has abadan, eşretli, sapaly boljakdygyna ynanýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Garaşsyz döwletimizde amala aşyrýan beýik işlerimizde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ilkinji nobatda, ýaş nesliň röwşen geljegi baradaky aladalar esasy wezipeleriň hatarynda durýar». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna durmuşa geçirilýän işler esasy ugurlaryň biridir. Garaşsyz Watanymyzyň milli ykdysadyýetindäki döwrebap özgertmeler eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjyny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz syýasy taýdan kämil, ykdysady tarapdan kuwwatly, durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde dünýäde tanalýar. Muňa ýurdumyzda gurlan dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlary, dürli durmuş maksatly binalar, mekdepler, çagalar baglary, sport desgalary mysal bolup biler. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň sazlaşykly ösmegi we özgermegi döwlet Baştutanymyzyň ma

Dost-doganlygyň nusgasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaralar geçirilýär. Şeýle şanly dabaralaryň biri hem ýakynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahatydyr. Şanly Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Munuň özi baş baýramymyzyň dabarasyny has-da belende göterýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen doganlarymyzy bir maslahata jemlemek asylly däbe öwrüldi. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa milli gymmatlyklara belent sarpany, şöhratly geçmişimize buýsanjy beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny toýlaýan ata Watanymyz döwletli tutumlar, asylly başlangyçlar we aýdyň maksatlar bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimiz esasynda ýurdumyzda taryhy işler durmuşa geçirilip, uly ö

Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Häzirki wagtda bütin dünýäde sanly ulgamyň gazananlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyşynyň depgini ýokarlanýar. Täzeçil çemeleşmeler, awtomatlaşdyrylan gurluşlar, kämil innowasiýalar dürli ugurlarda ýüze çykýan meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär. Türkmenistanda hem innowasion tehnologiýalar ulgamynda netijeli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine, robot, emeli aň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýär. Tebigy ýerasty baýlyklaryň ummasyz goruna eýe bolan hem-de daşky gurşawy goramaga aýawly çemeleşýän, bu ugurda köp sanly halkara başlangyçlar bilen çykyş edýän we olary durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzda degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýär.

Ylym-bilimde döwrebap ýollar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem bilim özgertmeleriniň aýdyň beýanydyr. Şeýle möhüm resminamalardan ugur alnyp durmuşa geçirilýän işler hem uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymlar, bilim işgärleri ylym-bilimi özleşdirýärler we ylmy esasda sapaklary, okuwlary alyp barýarlar. Şunda okatmagyň iň bir döwrebap usullaryndan peýdalanmak täze mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirmek esasy ugur bolup durýar. Sapakda okatmagyň dürli ugurlary peýdalanyp bilner, emma döwrebap, ylmy taýdan esaslandyrylan usullar özüniň oňat netijesini berýär. Şonuň üçin hem ýaş mugallymlar taýýarlanylanda ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanmagy, okuwçynyň dünýägaraýşyny ösdürmegi, şeýle hem çagalaryň okuwa bolan höwesini artdyrmagy maksat edinýäris. Bu babatda ylmy kitaplardan hem, okuw kitaplaryndan hem peýdalanmak möhümdir. Şonuň üçin hem okuw sapaklary guralanda ýörite meýilnamalaşdyrmak, kitapdaky maglumatlary okuwçynyň aňyna ýetirmek aýratyn üns bermeli ugurdyr.

Körpeleriň ýatkeşligini ösdürmek

Çagalar bagynda terbiýelenýän ýaş nesliň ýatkeşligini ösdürmek olaryň durmuşda mynasyp ornuny tapmagy, ussat hünärmenler bolup ýetişmegi, ýurdumyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmagy üçin ähmiýetlidir. Ata-babalarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýilmeginiň uly manysy bar. Ýat adamyň ýaşap geçen islendik pursatlaryny, maglumatlary özünde saklaýan we geljekki günlerine ýetirýän ýokary derejeli işjeňlikdir. Gerekli maglumatlary uzak wagtlap beýnide «saklap» goýmak üçin çagalaryň irki ýaşyndan başlap, ýatkeşligini türgenleşdirmek zerurdyr. Çaga ýatkeşligini ösdürmekde çagalar bagynda ulanylýan käbir usullarymyzy paýlaşmagy makul bildik. Elbetde, her bir çaganyň özboluşlylygy hem göz öňünde tutulmalydyr.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Terbiýeçilik işinde mekdebiň we maşgalanyň orny Çaganyň mekdebe çenli terbiýesi örän jogapkärli bolup, ol çaganyň jemgyýetiň agzasy hökmünde kemala gelýän döwri hasaplanýar. Çaga özünde tiz-tizden döreýän «Bu näme? Näme üçin beýle?» diýen ýaly soraglara jogap tapmaga synanyşýar we olary ulularyň kömegi bilen özleşdirmäge ýol açýar. Bu döwürde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçilerine hem esasy orun degişlidir. Mekdep gapysy bolsa, çaganyň durmuşynda täze bir dünýäni açýar. Şeýle döwürde mekdep bilen maşgalanyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk emele gelýär. Diýmek, jemgyýetiň her bir agzasynyň sagdyn bolmagynda maşgala esasy wezipeleriň birini ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, orta mekdebiň mugallymlarynyň ata-eneler bilen ýakyn gatnaşykda bolmagy sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Maşgala terbiýesine köp üns berilýän ýerde, nesil terbiýesiniň milli ýörelgeleriniň esasynda ýaşlary terbiýelemäge ummasyz köp goşant goşulýar. Bu işlere guraýan terbiýeçilik sagatlarymyzda aýratyn üns berýäris. Umuman, döwrüň, ösen jemgyýetiň talaplaryna laýyk gelýän nesli terbiýelemek üçin mekdep bilen maşgalanyň arasynda sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin mekdep we beýleki bilim-terbiýe edaralarynyň her biri ata-eneler bilen ýygjam gatnaşykda bolmalydyr. Çünki sagdyn nesli terbiýelemegiň esasy ojagy maşgaladyr

Alym mugallym hakynda söhbet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bilen merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli medeniýetimizi we edebiýatymyzy ylmy esasda düýpli öwrenen alymlaryň bitiren önjeýli hyzmatlaryna uly sarpa goýulýar, olaryň atlary ebedileşdirilýär. Şolaryň arasynda edebiýatçy alym-pedagog, filologiýa ylymlarynyň doktory Muhammetnazar Annamuhammedow hem bar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden toýlanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen ýylymyzda alym mugallym M.Annamuhammedowyň durmuş ýoly we ylmy-pedagogik iş tejribesi baradaky käbir maglumatlary okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. Muhammetnazar Annamuhammedow 1938-nji ýylyň 15-nji iýulynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň 4-nji Garaýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inipdir. Ol 1954-nji ýylda Mary etrabynyň şol döwürdäki 13-nji orta mekdebini ýokary bahalar bilen tamamlap, şol ýylyň tomsunda hem özüniň uly höwes eden hünäri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-filologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýat bölümine okuwa giripdir. Talyplyk ýyllarynda meşhur türkmen alymlary — akademikler Aman Kekilowyň we Baýmuhammet Garryýewiň, professorlar Mäti Kösäýewiň, Gumman Saryýewiň, Mämmetnazar Hydyrowyň we beýleki halypalaryň çuňňur mazmunly we g

Asylly ýörelgeleriň gözbaşy

Zähmetsöýer, halal, päk ahlakly, ruhubelent şahsyýeti kemala getirmek halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň gözbaşynda durýan ýörelgedir. Şonuň üçinem häzirki döwürde ýaş nesle berilýän terbiýäniň halallyk we halal zähmet bilen utgaşykly alnyp barylmagyna uly ähmiýet berilýär. Çünki jemgyýetiň we döwletiň abadançylygy her bir raýatyň ahlak kämilligi bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ajaýyp zamanamyzda türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, birek-birege hormat goýmak, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Ata-babalarymyzyň döreden «Halal zähmet — baky döwlet» diýen pähimi halkymyzda tutanýerli zähmete, halal gazanja uly hormat goýulýandygyny, eşretli ýaşaýşa ýetmek üçin halal zähmet çekmelidigini görkezýär. Eger-de adam ýaşlykdan bilim almaga we zähmet çekmäge uýgunlaşsa, ol durmuş ýolunda kynçylyk çekmeýär. Şoňa görä-de, ýaş nesillere mekdep ýyllaryndan kämil terbiýe berip, zähmet çekmäge endik etdirmek terbiýeçilik ulgamynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Ýollarymyz asuda bolsun!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, berkitmek bilen bir hatarda ynsan saglygyna zyýan ýetirip bilýän hadysalaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri-de, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly köpçülikleýin çäredir. Bilşimiz ýaly, gün-günden pajarlap ösýän Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlardaky ösüşler, özgertmeler bilen bir hatarda awtoulaglaryň sany gün-günden artýar, netijede, ýol hereketiň düzgünleri barha kämilleşdirilýär. Sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekleri üçin dürli çäreler, wagyz-nesihat işler geçirilip durulýar. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin zerur çäreler işlenip taýýarlanylýar, dürli usullar arkaly ýerlerde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilikde, maşgalada, her bir raýatyň aňyna ýeter ýaly habar beriş serişdeleri bolan teleýaýlymyň, radionyň, metbugatyň üsti bilen giňişleýin wagyz-nesihat işleri, gürrüňdeşlikler, söhbetdeşlikler geçirilýär. Amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde ýol hereketiniň howpsuzlygy belli bir derejede üpjün edilýär hem-de oňat netijeler gazanylýar.

Ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ugurlar

13-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen, kanunçylyk namalarynyň birnäçesine, hususan-da, raýat-hukuk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, administratiw hukuk bozulmalary, salgytlar, awtomobil ulagy bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizilýär. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi barada-da aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň maýa goýum forumynda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatda hem-de ugurdaş sergilerde sanly ulgam arkaly eden ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 10-njy sentýabry) Eziz watandaşlar!Hormatly halkara foruma gatnaşyjylar!

Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar. Netijeli gatnaşyklar ösdürilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY

Eziz watandaşlar!Hormatly adamlar!Gadyrly myhmanlar! Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.

Ýokary tehnologiýalar we innowasiýalar

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumy, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahaty we sergi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlary bilen birlikde bilim ulgamyny hem döwrüň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açdy. Döwrebap tehnologiýalar we ýokary innowasiýalar durmuşymyza tiz aralaşýar. Bilim ulgamynda iň häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň, aragatnaşyk serişdeleriniň giňden peýdalanylmagy jemgyýetiň ösüşiniň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etmek bilen birlikde, bilim bermegiň we terbiýelemegiň täze mümkinçiliklerini açýar.