"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we şunuň bilen baglylykda, «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. 1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda «1971 ýyl» ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr. Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe tabşyryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr.

“Adam özün adamlara paýlaýar”

Annaberdi AGABAÝEW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Ömrüni onuň Alyhezretleri söze bagyş eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew türkmen şygryýetinde, žurnalistikasynda, dramaturgiýasynda öz ýoluny döretdi. Türkmen okyjylary görnükli halypanyň miras galdyran eserlerini teşnelik bilen okaýarlar. Elbetde, eseriň ömri onuň ähli döwürlerde söýlüp okalýanlygy, könelmeýänligi bilen ölçenilýär.

Sarpasy belent zenanlar

Merdana ata-babalarymyz zenanlarymyza uly sarpa goýupdyrlar, olary Zeminiň göwher gaşyna deňäpdirler. Sebäbi türkmen gelin-gyzlary watansöýüjiligi, maşgala ojagyna wepalylygy, pähim-paýhaslylygy, sabyr-kanagatlylygy bilen tapawutlanypdyrlar. Bu bolsa olaryň abraý-mertebesini has-da belende göteripdir. Pederlerimizden gelýän bu asylly ýol-ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde adam hukuklaryny goramakda, bu babatda halkara kadalaryny ornaşdyrmakda, erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklylygyny üpjün etmekde anyk netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Zenanlar hakdaky alada olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da ýokarlandyrýar. Maşgalanyň abraýyny goramakda, mertebesini beýgeltmekde, agzybirligini berkitmekde bitirýän işleri uly hormata mynasyp bolýan zenanlarymyz önümçiligiň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamynda işjeň zähmet çekýärler we Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň ýaş nesilleri döwrebap ruhda, ata Watanymyza, eziz halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary hem uludyr. Mundan başga-da,

Nusga bolup galar ilden-illere

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, sünnäläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara hem-de bu dabara mynasybetli «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. Dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar, şeýle hem zergärler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabaranyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmeginde hem çuňňur many-mazmun bar. Bu halkymyzyň durmuşynyň baý milli mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi tarapyndan ussatlyk bilen sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal, ýagny 1971-nji ýylda baldyzyna niýetläp tikipdir

Bagtyýarlyk joşguny

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy milli jebisligiň hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şu güni, geljegi üçin amal edilýän beýik işleri aýdyň dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy zähmet edermenligini hem-de ylmy açyşlary, medeniýet we sport ulgamlarynda ýetilen sepgitleri birleşdirýär. Garaşsyz ata Watanymyzyň ýaşyl Tugy dünýäniň dürli döwletlerinde, iri halkara guramalaryň binalarynda buýsançly pasyrdap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasy ugruň parahatçylyk hem-de döredijilik mazmunyny alamatlandyrýar. Öňňin paýtagtymyzdaky «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, geçirilen sungat ussatlarynyň konsertinde hem hut şu belent maksatlaryň aýdyň dabaralanmasy belentden wasp edildi. Häzirki wagtda medeni diplomatiýa döwletara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýän halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär. Şu ýyl sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir. Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýän Diýarymyzyň baş şäheriniň bu künjegi ajaýyp keşbe eýedir. Paýtagtymyzyň merkezinde seleňleýän belentlig

Ýürek mähri siňen sungat

18-nji maýda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar, zergärler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde milli Liderimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşuryldy.

Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, 18-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda sungat ussatlarynyň konserti geçirildi Baýramçylyk konserti «Arkadagyň ak ýolunda baky parla, ýaşyl Tugum!» diýen edebi — aýdym-sazly çykyş bilen açyldy. Ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparlary ýerine ýetirdi. Artistler bu çykyşyň üsti bilen ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny,hormatly Prezidentimize ählihalk söýgüsini, çäksiz hoşallygy beýan etdiler.

Ussadyň ýoly

Bagtyýarlyk döwrümizde aýdym-sazyň, medeniýetiň, sungatyň kämilleşmegine uly ýardam berýän halypa-şägirtlik ýoly barha rowaçlanýar. Aýry-aýry döredijilik toparlarynyň, görnükli aýdymçylaryň, sazandalaryň sungaty uly meşhurlyga eýe bolýar. Halypa-şägirtlik ýoluny rowaçlandyrmakda yhlasly zähmet çekýänleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas Amanöwez Saparowdyr. Onuň sungat tejribesiniň önümi bolan «Sungatym — buýsanjym» diýen kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2014-nji ýylda çap edildi. Bu kitapda milli aýdym-saz sungatynda uly yz galdyran bagşy-sazandalaryň 80-si hakda gyzykly maglumatlar berilýär. Kitapda şol bagşy-sazandalaryň çalan sazlarynyň, aýdan aýdymlarynyň ençemesiniň ýörite ýazgylarynyň bir ýere jemlenen nusgasynyň bolmagy onuň gymmatyny has-da artdyrýar.

Çeper okaýyş agşamlary

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby bölümlerinde hormatly Prezidentimiziň eserlerinden, hususan-da, «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaplaryndan çeper okaýyş agşamlary geçirildi. Ähli harby bölümlerde guralan bu çärelerde höwesjeňler eserlerden bölekleri okadylar. Olaryň many-mazmuny barada öz pikir-garaýyşlaryny aýan etdiler, sowal-jogap alyşdylar, şeýle hem milli Liderimiziň ylmy-çeper eserleriniň harby gullukçylary milli we watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň keşbini açyp görkezmekdäki ähmiýeti, galyberse-de, geljekki nesiller üçin şu gün barada habar berýän bahasyna ýetip bolmajak gollanmadygy hakda täsirli pikirler orta atyldy.

Bagtyýar gerçekler

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda bilelikde yglan eden, «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gerçek ýigitler ukyp-başarnyklaryny, saýlap alan hünärlerine bolan söýgülerini, türkmen ýigidine mahsus ar-namyslylygyň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň belent nusgasyny, watançylyk duýgusyny sahna eserleriniň üsti bilen beýan edip, hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren ajaýyp kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ezberlik bilen wasp etdiler. Netijede, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Toýmyrat Gökjäýew 3-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty we gymmatbahaly sowgady bilen sylaglandy.

Ogulabat ejäniň mähri siňen sungat

Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat eje biziň ählimize nusgalyk zenandyr. Ogulabat ejäniň türkmen zenanyna mahsus salyhatlylygy, kanagatlylygy, maşgala ojagyna wepalylygy, el işlerine ussatlygy, aýratyn-da, ýaş gelin-gyzlarymyz üçin görelde mekdebidir. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde öz käbesiniň maşgala ojagyna bolan yhlasy, el hünärine berýän ünsi barada ýakymly ýatlamalarynda uly hormat bilen beýan edýär.

Nusgalykdyr eziz enäň keşdesi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ýürek mähri siňen sungat» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat ak mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimiziň dabarasyna dabara, şatlygyna şatlyk goşdy. Çünki ol dabara hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren nepis kürtesiniň we ören ýüň jorabynyň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulyp, onuň abraýly ýerinde orun tutmagyna bagyşlandy. Dogrudan-da, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nurana keşbi we asylly häsiýeti, ukyp-başarnygy, el işleri ählimiz üçin nusgalyk bolup durýar. Şonuň üçinem, ýurt Baştutanymyzyň eziz käbesi hakyndaky ýatlamalaryny okap otyrkaň, göz öňüňde türkmeniň perişde ýaly enesiniň nurana keşbi peýda bolýar.

Baýramçylygyň şanyna

18-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Şol gün baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada ýaşyl baýdaklar pasyrdaýar. Dabara gatnaşanlaryň ellerinde gül çemenleri bar. Ähli watandaşlarymyzyň ajaýyp Diýarymyza hem-de onuň ak mermerli paýtagtyna belent buýsanç duýgusyna hem-de watançylyk ruhuna beslenýändikleri bu baýramçylykda öz beýanyny tapýar.

Döwrebap ösüşleriň beýany

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şu ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý toýy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Bu günki günde bu şanly baýramçylyga uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda yzygiderli açylýan gurluşyk desgalarynyň belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, durmuş-medeni maksatly desgalary, şol sanda umumybilim berýän mekdepleri hem-de çagalar baglaryny, saglyk öýlerini, söwda-dynç alyş merkezlerini we köpgatly awtoulag duralgalaryny özüne birleşdirýän we döwrebap düzümleri öz içine alýan paýtagtymyzyň täze toplumy peýda bolýar. Gahryman Arkadagymyz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti hem-de dynç almagy babatda has oňaýly şertleri üpjün etmek üçin taslamalar işlenip taýýarlanylanda hem-de durmuşa geçirilende, ähli işlere oýlanyşykly çemeleşilmelidigini we bu talaplaryň paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine deň derejede degişlidigini yzygiderli nygtaýar.

Ak mermerli aşgabat

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylynda ak mermere bürelen paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi, gözelleşdi hem-de ajaýyp şäherleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalarynyň netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ulgamyndaky özgertmeleri sözüň doly manysynda täze many-mazmuna, millilige eýe boldy. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, häzirki zaman binalaryň, desgalaryň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriň gurulmagynyň esasynda baş şäherimiz täze binagärlik keşbinde kemala gelýär. Elbetde, munuň şeýle bolmagynda başy başlanan ähli gurluşyk işleriň giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalaryndan ugur alynmagydyr.

Döwletiň binýady maşgaladan başlanýar

Halkymyzyň arasynda «Maşgalam — baş galam» diýen ýörgünli aýtgynyň örän çuň manysy bar. Türkmen halky maşgala ojagyna keramat, mukaddeslik hökmünde garaýar. Maşgala jemgyýetiň özenidir. Şu ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy mejlisde eden çykyşynda: «Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýip nygtady. Maşgalanyň baş maksady zähmetsöýer, hünärli nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Çaganyň ýaşlygyndan ukyp-başarnygyna görä hünäri saýlamagynda hem ata-enäniň tutýan orny uludyr. Şonuň üçin her bir ata-ene öz perzendiniň hünärli bolmagy ugrunda alada edýär. Ata-ene çagasyny ýagşy ýola ugrukdyryp, wagtyny gowy işlere sarp etmegi öwreden halatynda, perzentde kämillik endikleri terbiýelenýär. Ata-babalarymyzyň «Terbiýäniň başy zähmetdedir» diýip aýdyşy ýaly, zähmet — ömrüň zynaty. Zähmet — adamy taplaýan, ruhuny baýlaş

Ynsan köňlüniň nury

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ata Watanymyzyň medeniýetde, sungatda uly üstünlikleri gazanmagy döwletimiziň halkara abraýyny has ýokary göterýär. Milli Liderimiziň medeniýet ulgamynda alyp barýan oňyn işleri halkymyzyň sungata bolan gyzyklanmasynyň artmagynda, döredijilik başlangyjynda öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyzyň milli däplerimizi aýawly saklamaga ägirt uly ähmiýet bermeginiň netijesinde jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryny gazanmak üçin täze pikirleri we taslamalary medeniýet ulgamyna çekmek göz öňünde tutulýar. Şu ugurda möhüm meselelere we wezipelere düýpli çemeleşýän hormatly Prezidentimiz döredijilik gözleginiň, medeniýet, teatr we kino işgärleriniň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň işinde özboluşly çözgütleriň zerurdygyny belleýär. Olar jemgyýetiň ruhy durmuşyny kemala getirmekde ähmiýetli orny eýeleýärler.

Dünýä ýalkym saçýar türkmen binasy

Gepleşikleri ýaýlyma berip, tomaşaçylara ýetirmek maksady bilen bina edilen «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanyp, binanyň iki tarapynda ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy, dünýäde iň uly ýyldyz hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri halkymyza eşretli zamanany, egsilmez bagty, ösüşli ýollary bagyş etdi. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda her bir ugurdaky başlangyçlary halkymyzyň bagtyýar, bolelin, parahat ýaşamagyna gönükdirilendir. Durmuşa geçýän her bir işiň bähbitli tarapy bolsa umumadamzat parahatçylygyna we asudalygyna bagyşlanýar.

Aşgabat — sport şäheri

«Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň bu syýasatymyz, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bedenterbiýe we sport pajarlap ösýär. Eziz Diýarymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabat soňky ýyllarda sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň ençemesini kabul edip, halkara derejesinde ösen sport merkezi hökmünde ykrarnama eýe bolýar. Ýurdumyzda soňky ýyllarda bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerini ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirmek, milli oýunlar boýunça bäsleşikleri guramak asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň badalga bermeginde ýaýbaňlandyrylan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýeňil atletika bäsleşiklerini, welosipedli ýörişleri hem-de awtoralli ýaryşlaryny öz içine alan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi gadymy kerwen ýollaryny döwrebap röwüşde janlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň nyşanyna öwrüldi.

Aş­ga­bat

Gözellige teşne göwün galkynýar, Şatlyk-şowhun umman bolup tolkunýar,Seň goýnuňda buýsanmaga hakym bar,At-abraýy dünýä ýaýran, Aşgabat! Belent adyň dowamatdyr-dowamdan,Ýeňleýän, dem alyp hoştap howaňdan,Sende jogap tapýar syrly sowallam,Hazynaňa älem haýran, Aşgabat!