Ogulabat ejäniň kalbynyň mähri siňen sungat

20 Maý 2021
1314

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we şunuň bilen baglylykda, «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi.

1971-nji ýylda Ogulabat eje tarapyndan keşdelenen bu kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda «1971 ýyl» ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal baldyzy üçin niýetläp tikipdir hem-de kürtäni 20 günüň içinde taýýarlapdyr. Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe tabşyryldy. Bu jorap ussatlyk bilen örülipdir, oňa hem öz döwrüniň mahsus nagyşlary salnypdyr.