Bagtyýarlyk joşguny

19 Maý 2021
936

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygy milli jebisligiň hem-de Garaşsyz Watanymyzyň şu güni, geljegi üçin amal edilýän beýik işleri aýdyň dabaralandyrýar. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy zähmet edermenligini hem-de ylmy açyşlary, medeniýet we sport ulgamlarynda ýetilen sepgitleri birleşdirýär. Garaşsyz ata Watanymyzyň ýaşyl Tugy dünýäniň dürli döwletlerinde, iri halkara guramalaryň binalarynda buýsançly pasyrdap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli amala aşyrylýan daşary syýasy ugruň parahatçylyk hem-de döredijilik mazmunyny alamatlandyrýar. Öňňin paýtagtymyzdaky «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, geçirilen sungat ussatlarynyň konsertinde hem hut şu belent maksatlaryň aýdyň dabaralanmasy belentden wasp edildi.

Häzirki wagtda medeni diplomatiýa döwletara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýän halkara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýär. Şu ýyl sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň 2014-nji ýylyň 24-nji maýynda milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir. Esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny belleýän Diýarymyzyň baş şäheriniň bu künjegi ajaýyp keşbe eýedir. Paýtagtymyzyň merkezinde seleňleýän belentligi 25 metre deň bolan bu bina türkmen halkyny özara ylalaşyga hem-de agzybirlige çagyran beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýär.

Ýörite habarçymyz.