Baýramçylygyň şanyna

19 Maý 2021
1001

18-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Şol gün baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada ýaşyl baýdaklar pasyrdaýar. Dabara gatnaşanlaryň ellerinde gül çemenleri bar. Ähli watandaşlarymyzyň ajaýyp Diýarymyza hem-de onuň ak mermerli paýtagtyna belent buýsanç duýgusyna hem-de watançylyk ruhuna beslenýändikleri bu baýramçylykda öz beýanyny tapýar.

«Watan».