Döwrebap ösüşleriň beýany

19 Maý 2021
1035

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Şu ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý toýy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Bu günki günde bu şanly baýramçylyga uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Häzirki wagtda yzygiderli açylýan gurluşyk desgalarynyň belent ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny, durmuş-medeni maksatly desgalary, şol sanda umumybilim berýän mekdepleri hem-de çagalar baglaryny, saglyk öýlerini, söwda-dynç alyş merkezlerini we köpgatly awtoulag duralgalaryny özüne birleşdirýän we döwrebap düzümleri öz içine alýan paýtagtymyzyň täze toplumy peýda bolýar. Gahryman Arkadagymyz adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy, döredijilikli zähmeti hem-de dynç almagy babatda has oňaýly şertleri üpjün etmek üçin taslamalar işlenip taýýarlanylanda hem-de durmuşa geçirilende, ähli işlere oýlanyşykly çemeleşilmelidigini we bu talaplaryň paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerine deň derejede degişlidigini yzygiderli nygtaýar.

Şamuhammet ŞAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.