Sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti

19 Maý 2021
1341

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, 18-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» binasynyň ýanynda sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Baýramçylyk konserti «Arkadagyň ak ýolunda baky parla, ýaşyl Tugum!» diýen edebi — aýdym-sazly çykyş bilen açyldy. Ony Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor topary hem-de ýurdumyzyň birleşen folklor-tans toparlary ýerine ýetirdi. Artistler bu çykyşyň üsti bilen ata Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny,hormatly Prezidentimize ählihalk söýgüsini, çäksiz hoşallygy beýan etdiler.

Oguljemal HOŞGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.