Ak mermerli aşgabat

19 Maý 2021
969

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň, şeýle hem Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bellenilýän ýylynda ak mermere bürelen paýtagtymyz tanalmaz derejede özgerdi, gözelleşdi hem-de ajaýyp şäherleriň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalarynyň netijesinde ýurdumyzyň gurluşyk we binagärlik ulgamyndaky özgertmeleri sözüň doly manysynda täze many-mazmuna, millilige eýe boldy.

Şu nukdaýnazardan seredeniňde, paýtagtymyzda alnyp barylýan gurluşyk işleri, häzirki zaman binalaryň, desgalaryň, seýilgähleriň, suw çüwdürimleriň gurulmagynyň esasynda baş şäherimiz täze binagärlik keşbinde kemala gelýär. Elbetde, munuň şeýle bolmagynda başy başlanan ähli gurluşyk işleriň giň gerimli şähergurluşyk maksatnamalaryndan ugur alynmagydyr.

Ata GYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bölüm müdiri.