Nusga bolup galar ilden-illere

19 Maý 2021
1258

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, sünnäläp bejeren kürtesiniň bu muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara hem-de bu dabara mynasybetli «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi. Dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar, şeýle hem zergärler we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabaranyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe gabat gelmeginde hem çuňňur many-mazmun bar. Bu halkymyzyň durmuşynyň baý milli mirasy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi tarapyndan ussatlyk bilen sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ogulabat eje bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal, ýagny 1971-nji ýylda baldyzyna niýetläp tikipdir hem-de ony 20 günüň içinde taýýarlapdyr. Kürtä «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» nagyşlary keşdelenipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüň bilen örülip, merkezine çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda bolsa köjeme usulynda ýerine ýetirilen «1971 ýyl» diýen ýazgy tikilipdir. Ogulabat ejäniň bejeren kürtesiniň üstünden ýarym asyr geçse-de onuň özüniň asyl nusgasyny saklap galanlygy, reňkleriniň ýitiligini, nagyşlarynyň nepisligini, özüniň ajaýyplygyny ýitirmän biziň günlerimize çenli saklanyp galmagy bu nepis sungata mähriban zenanyň ýürek mährini siňdirendiginiň, el işlerinden ussatlyk bilen baş çykarýandygynyň, millilige aňryýany bilen düşünýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bu ýagdaý ähli türkmen gelin-gyzlaryna nusga alarlykdyr. Mundan başga-da, şol gün Ogulabat ejäniň öz eli bilen ören joraby hem muzeýe gowşuryldy. Jorap öz döwrüne mahsus nagyşlar salnyp, ussatlyk bilen örülipdir.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».