Ogulabat ejäniň mähri siňen sungat

19 Maý 2021
948

Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat eje biziň ählimize nusgalyk zenandyr. Ogulabat ejäniň türkmen zenanyna mahsus salyhatlylygy, kanagatlylygy, maşgala ojagyna wepalylygy, el işlerine ussatlygy, aýratyn-da, ýaş gelin-gyzlarymyz üçin görelde mekdebidir.

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde öz käbesiniň maşgala ojagyna bolan yhlasy, el hünärine berýän ünsi barada ýakymly ýatlamalarynda uly hormat bilen beýan edýär.

«Watan».