Ussadyň ýoly

19 Maý 2021
1065

Bagtyýarlyk döwrümizde aýdym-sazyň, medeniýetiň, sungatyň kämilleşmegine uly ýardam berýän halypa-şägirtlik ýoly barha rowaçlanýar. Aýry-aýry döredijilik toparlarynyň, görnükli aýdymçylaryň, sazandalaryň sungaty uly meşhurlyga eýe bolýar.

Halypa-şägirtlik ýoluny rowaçlandyrmakda yhlasly zähmet çekýänleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas Amanöwez Saparowdyr. Onuň sungat tejribesiniň önümi bolan «Sungatym — buýsanjym» diýen kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2014-nji ýylda çap edildi. Bu kitapda milli aýdym-saz sungatynda uly yz galdyran bagşy-sazandalaryň 80-si hakda gyzykly maglumatlar berilýär. Kitapda şol bagşy-sazandalaryň çalan sazlarynyň, aýdan aýdymlarynyň ençemesiniň ýörite ýazgylarynyň bir ýere jemlenen nusgasynyň bolmagy onuň gymmatyny has-da artdyrýar.

Eziz SAPAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.