Nusgalykdyr eziz enäň keşdesi

19 Maý 2021
968

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Ýürek mähri siňen sungat» diýen at bilen geçirilen dabaraly maslahat ak mermer paýtagtymyzyň 140 ýyllyk toýuna barýan günlerimiziň dabarasyna dabara, şatlygyna şatlyk goşdy. Çünki ol dabara hormatly Prezidentimiziň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren nepis kürtesiniň we ören ýüň jorabynyň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulyp, onuň abraýly ýerinde orun tutmagyna bagyşlandy.

Dogrudan-da, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň nurana keşbi we asylly häsiýeti, ukyp-başarnygy, el işleri ählimiz üçin nusgalyk bolup durýar. Şonuň üçinem, ýurt Baştutanymyzyň eziz käbesi hakyndaky ýatlamalaryny okap otyrkaň, göz öňüňde türkmeniň perişde ýaly enesiniň nurana keşbi peýda bolýar.

Ogultäç ORAZTAGANOWA,
«Watan».