Ynsan köňlüniň nury

19 Maý 2021
923

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýylynyň içinde ata Watanymyzyň medeniýetde, sungatda uly üstünlikleri gazanmagy döwletimiziň halkara abraýyny has ýokary göterýär. Milli Liderimiziň medeniýet ulgamynda alyp barýan oňyn işleri halkymyzyň sungata bolan gyzyklanmasynyň artmagynda, döredijilik başlangyjynda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň milli däplerimizi aýawly saklamaga ägirt uly ähmiýet bermeginiň netijesinde jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryny gazanmak üçin täze pikirleri we taslamalary medeniýet ulgamyna çekmek göz öňünde tutulýar. Şu ugurda möhüm meselelere we wezipelere düýpli çemeleşýän hormatly Prezidentimiz döredijilik gözleginiň, medeniýet, teatr we kino işgärleriniň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň işinde özboluşly çözgütleriň zerurdygyny belleýär. Olar jemgyýetiň ruhy durmuşyny kemala getirmekde ähmiýetli orny eýeleýärler.

Dilaram MAŞARIPOWA,
Darganata etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, zenanlar guramasynyň agzasy.