Ýürek mähri siňen sungat

19 Maý 2021
936

18-nji maýda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde milli amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eseriniň — hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň işläp bejeren kürtesiniň muzeýe gowşurylmagyna bagyşlanan dabara we bu waka mynasybetli «Ýürek mähri siňen sungat» atly maslahat geçirildi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen dabara ýurdumyzyň hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, keşdeçi-kürteçi zenanlar, zergärler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýerde milli Liderimiziň käbesiniň on barmagynyň hünäri bolan, sünnälenip bejerilen kürte Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýine gowşuryldy.

Nurgözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri.