Sarpasy belent zenanlar

19 Maý 2021
1056

Merdana ata-babalarymyz zenanlarymyza uly sarpa goýupdyrlar, olary Zeminiň göwher gaşyna deňäpdirler. Sebäbi türkmen gelin-gyzlary watansöýüjiligi, maşgala ojagyna wepalylygy, pähim-paýhaslylygy, sabyr-kanagatlylygy bilen tapawutlanypdyrlar. Bu bolsa olaryň abraý-mertebesini has-da belende göteripdir.

Pederlerimizden gelýän bu asylly ýol-ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde adam hukuklaryny goramakda, bu babatda halkara kadalaryny ornaşdyrmakda, erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklylygyny üpjün etmekde anyk netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda ýöredilýän gender syýasaty zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deňhukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Zenanlar hakdaky alada olaryň jemgyýetdäki ornuny has-da ýokarlandyrýar. Maşgalanyň abraýyny goramakda, mertebesini beýgeltmekde, agzybirligini berkitmekde bitirýän işleri uly hormata mynasyp bolýan zenanlarymyz önümçiligiň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, saglygy goraýyş ulgamynda işjeň zähmet çekýärler we Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň ýaş nesilleri döwrebap ruhda, ata Watanymyza, eziz halkymyza, hormatly Prezidentimize wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitirýän hyzmatlary hem uludyr. Mundan başga-da, olar jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň geçirýän wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşyp, sagdyn durmuş ýörelgesini, ahlak päkligini, mukaddes maşgala ojagyna wepalylygy wagyz edýärler. Olaryň çykyşlary çärä gatnaşýanlarda ýakymly täsirleri galdyrýar.

Sultan HAÝYDOW,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi, 3-nji derejeli ýurist.