Döwletiň binýady maşgaladan başlanýar

19 Maý 2021
931

Halkymyzyň arasynda «Maşgalam — baş galam» diýen ýörgünli aýtgynyň örän çuň manysy bar. Türkmen halky maşgala ojagyna keramat, mukaddeslik hökmünde garaýar. Maşgala jemgyýetiň özenidir. Şu ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň bu taryhy mejlisde eden çykyşynda: «Demokratiýanyň we bitewi dolandyryşyň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar, sebäbi maşgala türkmen jemgyýetiniň binýady bolup durýar. Ol özboluşly ilkinji guramadyr. Maşgalada gatnaşyklaryň köpugurly görnüşleri emele gelýär we dürli soraglar çözülýär. Şoňa görä-de, her bir maşgala maddy we ruhy taýdan üpjün bolmalydyr. Ýurdumyzyň mynasyp raýatlaryny terbiýelemek üçin jogapkärçilik çekmelidir. Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýip nygtady.

Maşgalanyň baş maksady zähmetsöýer, hünärli nesli terbiýeläp ýetişdirmekdir. Çaganyň ýaşlygyndan ukyp-başarnygyna görä hünäri saýlamagynda hem ata-enäniň tutýan orny uludyr. Şonuň üçin her bir ata-ene öz perzendiniň hünärli bolmagy ugrunda alada edýär. Ata-ene çagasyny ýagşy ýola ugrukdyryp, wagtyny gowy işlere sarp etmegi öwreden halatynda, perzentde kämillik endikleri terbiýelenýär. Ata-babalarymyzyň «Terbiýäniň başy zähmetdedir» diýip aýdyşy ýaly, zähmet — ömrüň zynaty. Zähmet — adamy taplaýan, ruhuny baýlaşdyrýan sönmejek çyragdyr. Höwesli, irginsiz, yzygiderli zähmet çekmek arkaly hünär eýesi bolunýar.

Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.