“Adam özün adamlara paýlaýar”

20 Maý 2021
1761

Annaberdi AGABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Ömrüni onuň Alyhezretleri söze bagyş eden Türkmenistanyň halk ýazyjysy Annaberdi Agabaýew türkmen şygryýetinde, žurnalistikasynda, dramaturgiýasynda öz ýoluny döretdi. Türkmen okyjylary görnükli halypanyň miras galdyran eserlerini teşnelik bilen okaýarlar. Elbetde, eseriň ömri onuň ähli döwürlerde söýlüp okalýanlygy, könelmeýänligi bilen ölçenilýär.