Bagtyýar gerçekler

19 Maý 2021
1204

Golaýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda bilelikde yglan eden, «Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gerçek ýigitler ukyp-başarnyklaryny, saýlap alan hünärlerine bolan söýgülerini, türkmen ýigidine mahsus ar-namyslylygyň, gaýduwsyzlygyň, batyrlygyň belent nusgasyny, watançylyk duýgusyny sahna eserleriniň üsti bilen beýan edip, hormatly

Prezidentimiziň halkymyza sowgat beren ajaýyp kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetini ezberlik bilen wasp etdiler. Netijede, TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Toýmyrat Gökjäýew 3-nji orna mynasyp bolup, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Hormat haty we gymmatbahaly sowgady bilen sylaglandy.

Öwezgeldi GYLYÇTAGANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby.