Aşgabat — sport şäheri

19 Maý 2021
817

«Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Biziň bu syýasatymyz, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň saglygyny berkitmäge, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli terbiýelemäge, olimpiýa hereketini köpçülikleýin we giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir» diýip belleýän hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda bedenterbiýe we sport pajarlap ösýär. Eziz Diýarymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabat soňky ýyllarda sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlaryň ençemesini kabul edip, halkara derejesinde ösen sport merkezi hökmünde ykrarnama eýe bolýar.

Ýurdumyzda soňky ýyllarda bedenterbiýe-sagaldyş we sport çärelerini ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçirmek, milli oýunlar boýunça bäsleşikleri guramak asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň badalga bermeginde ýaýbaňlandyrylan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda ýeňil atletika bäsleşiklerini, welosipedli ýörişleri hem-de awtoralli ýaryşlaryny öz içine alan «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi gadymy kerwen ýollaryny döwrebap röwüşde janlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň nyşanyna öwrüldi.