"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Sungatym bar — hormatym bar

Sungat birek-biregi dostlaşdyryjy, ýakynlaşdyryjy köprä deňelýär. Çünki sungat eserlerinde umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylyk, gözellik wasp edilýär. Şu ýyl ýurdumyzda ilkinji gezek bilelikde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşik muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Bäsleşik jemlendi

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary çeper döredijilige höweslendirmek maksady bilen giň möçberli işler alnyp barylýar. Asylly däbe öwrülen şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlary türkmen sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. 17-nji aprelde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mejlisler zalynda ýaş žurnalistleriň arasynda makala ýazmak boýunça «Waspyň dillerde dessan — Arkadagly Türkmenistan!», şeýle-de «Şygryýetiň bilbili» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlendi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde yglan etmeginde geçirilen bu döredijilik bäsleşigine ýurdumyzyň çar künjeginden kalby ylhamly ýaşlaryň ençemesi gatnaşdy.

Waspyň dillerde dessan

Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşleriniň dünýäniň ösen binagärligi, öňegidişlikleri bilen deň derejede gadam urýanlygy aýratyn guwandyryjydyr. Berkarar Diýarymyzyň, mähriban halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan, türkmen paýtagtynda gysga döwürde gurlan ýüzlerçe desgalar çuň many-mazmuny, kämil şertleri, gözelligi, täsinligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Paýtagtymyzyň ençeme täsin desgalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyndan orun almagy hem milli binagärligimiziň belent ösüşlerinden, öňegidişliklerinden habar berýär. Täsin desgalaryň hatarynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň döwrebap Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbiniň hem atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Ahalteke bedewleri mähriban halkymyzyň dünýä gymmatlygyna goşan, sungat derejesine ýetiren täsin milli baýlygydyr. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen häzirki wagtda mähriban halkymyz milli medeniýeti, döreden özboluşly gymmatlyklary bilen dünýäde giňden tanalýar. Ata-babalarymyzyň köpýyllyk zähmeti, ýiti zehini, ýokary başarnygy bilen dörän behişdi bedewler, türkmen alabaýlary bu gün mähriban halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bina edilen desgalaryň hatarynda türkmen ala

Gözelligiň dürdänesi

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzyň günorta — günbatar künjegi, gojaman Köpetdagyň ajaýyp baýyrlyklary tanalmaz derejede özgerdi. Paýtagtymyzyň ilatynyň dynç almagy üçin ýakymly howasy we oňyn şertleri bolan bu künjekde ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän gür tokaý zolaklary kemala getirildi. Şu günler paýtagtymyzyň bu künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýlary mynasybetli ulanmaga berilýän möhüm ähmiýetli desgalar ak şäherimiziň beýik ösüşlerini, binagärlik özboluşlylygyny aýdyň dabaralandyrýar. Golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda uly dabara bilen ulanmaga berlen «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, Halk Maslahatynyň Diwanynyň, Kabul ediş merkeziniň täze döwrebap binalary eziz paýtagtymyzyň diňe bir binagärlik keşbini baýlaşdyrman, ýurdumyzyň, ak şäherimiziň mundan beýläkki ösüşlerinde hem möhüm ähmiýete eýedigi aýratyn guwandyryjydyr. Şanly baýramçylyklara uludan taýýarlyk görýän ak şäherimiz Aşgabadyň beýik ösüşlerine, owadan ter güllere jäheklenip oturan şaýollaryna, gür baglaryna, yşyklandyryjylaryň owadan şuglasyna bürenen ajaýyp seýilgählerine, gözel ýerlerine syn edeniňde kalbyňda hormatly Prezidentimiziň bitirýän beýik işlerine bolan buýsanç duýgularyň goşalanýar. Goý, mähriban halkymyzy gurmagyň we döretmegiň

Maksatnamalaýyn ösüşe belent ynam bilen

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşa ornaşdyrylýan toplumlaýyn maksatnamalarda ýaşlar baradaky alada esasy orunda durmak bilen, diňe bir şu güni däl, eýsem uzaklary nazarlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşy, bilimi, saglygy, hukuklarynyň goraglylygy bilen baglanyşykly toplumlaýyn çäreler durmuşa ornaşdyrylyp başlandy. Geçen bäş ýylda «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy üstünlikli durmuşa geçirildi. Ýaşlar bilen bagly köpugurly işleri, çäreleri sazlaşykly alyp barmaga gönükdirilen maksatnamanyň ýörelgelerine, wezipelerine laýyklykda, ýaşlaryň arasynda dürli ugurlara dahylly çäreler geçirildi. Olaryň ekologiýa medeniýetini ösdürmek, tebigaty, daşky gurşawy goramak, ylma, bilime içgin aralaşmagyny, döredijilik ukyplaryny artdyrmak, milli medeniýetimize we sungatymyza çuňňur gyzyklanma döretmek, şöhratly geçmişimizi beýan edýän muzeýlere, şeýle hem kitaphanalara ýaşlary işjeň çekmek, sagdyn bedenli, sport bilen meşgullanmagy endik edinen, sagdyn durmuşa eýerýän nesli terbiýelemek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp baryldy. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki ylym-bilim, sport

Milli demokratiýanyň kämil nusgasy

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda guramaçylyk meselelerine seredildi, şeýle hem Milli Geňeşiň palatalarynyň bilelikdäki mejlisinde öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyndan kemal tapan bu ajaýyp özgertme täze döwrüň hil taýdan täze ösüşini üpjün eder. Şeýle hem halkymyzyň baý taryhy mirasyna, döwlet gurmak tejribesine, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan döwletliliginiň häzirki zaman nusgasynyň kemala getirilmegine hem-de ösdürilmegine uly mümkinçilikleri berer, kanunlaryň we döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi netijeli amala aşyrmaga şert döreder. Döwrebap özgertmeleriň bu täze tapgyry ildeşlerimiziň ýüreklerinde uly buýsanç duýgularyny döretdi. Täzegül NEPESOWA,Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty: — Ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan aýratyn möhüm syýasy we taryhy waka — Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahatynyň birinji me

Dabaraly maslahat

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň ilkinji mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegi mynasybetli, golaýda welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Kanuny döwlet — berkararlygyň kepili» atly şygar astynda geçirilen maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň edaralarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatda ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Akjemal Durdyýewa çykyş edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanylmagynyň halk bilen milli Liderimiziň baky jebisliginiň ýene bir ýola mizemez beýanyna öwrülendigini nygtady we Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläkki beýik işlerine rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdi. A.Durdyýewa şeýle hem çykyşynyň dowamynda milli parlamentiň hil taýdan täze nusgasynyň kemala gelmeginiň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de berkitmek, baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny işjeň durmuşa geçirmek, durmuş-ykdysady taýdan ösüş gazanmak, ynsanperwer syýasaty amala aşyrmak ýaly belent maksatlardan gözbaş alýandygyny belläp geçdi.

Parahatlyk — ýürek baýdagy

Şeýle buýsançly şygar astynda golaýda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. Kitaphananyň mejlisler zalynda geçirilen maslahat üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30, paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk ýubileý senelerini giňden dabaralandyrmaga bagyşlandy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen, türkmeniň ady bütin dünýä doldy. Döwlet dolandyryşynyň hil taýdan täze ugruny saýlap alan Türkmenistan gysga wagtyň içinde syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda dünýäniň derejeli döwletleriniň hataryna deňleşdi. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem oýlanyşykly başlangyçlarynyň netijesinde, bu günki gün Garaşsyzlygyň buýsançly bagtyny ýurdumyzyň her bir raýaty görüp, duýup ýaşaýar we onuň mizemezligini üpjün etmekdäki işlere işjeň goşulyşýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyz döwletimiziň ýüregi, Merkezi Aziýanyň merjen şäheri, dost-doganlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýän hem pugtalandyrýan merkez hasaplanýar. Aşgabat häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň buýsanjyna beslenip, Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun aldy. Lowurdap, öwşün atýan gözel paýtagtymyz diňe bir owadanlygy däl, eýsem, ýaşaýyş-durmuş gurşawynyň döwrebap derejede kemala getirilendigi bilen hem hemmeleriň ünsüni özüne çekýä

Milli buýsançlarymyzyň çeperçilik beýany

Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli golaýda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde surat bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz şäher komitetiniň, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň hem-de muzeýiň bilelikde guramagynda «Türkmen bedewleri we alabaýlary — milli buýsanjymyz» ady bilen geçirilen bäsleşikde talyp ýaşlaryň baýramçylyk mazmunly çeperçilik eserleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkymyzyň gadymy hem müdimi gymmatlyklary, milli buýsanjy, wepaly dosty, syrdaşy hasaplanýan bedewlerimize hem alabaýlarymyza bolan hormat-sarpa häzirki bagtyýarlyk döwrümizde has-da artdy. Ony ýurdumyzda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hem-de Halkara«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň hereket etmekleri hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Milli buýsançlarymyzyň şeýle belent derejelere göterilmegi jemgyýetde kämil garaýyşlaryň kemala gelmegine, nesilleriň arasynda olara bolan buýsanjyň artmagyna, hormatyň çuňlaşmagyna uly esas berýär. Onuň şeýledigi talyplaryň beýan eden eserlerinde mese-mälim duýuldy. Çeperçilik bilen ýerine ýetirilen işler bagtyýarlyk döwrümize şan berýän ajaýyp pursatlara baý boldy. TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Sapargül Kuliýewa, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň direktory Amanmyrat Gurbangylyjow, mugallymlary Şirin Allabaýewa, Çemen Annam

Gadymy hünäriň hormaty

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen yglan edilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy has dabaraly, täze öwüşginlere beslenip bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli biz Görogly etrabynyň Ýagtylyk geňeşliginiň Akguýy obasynda ýaşaýan belli itşynas, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy Şaguly Taganlyýew bilen gürrüňdeş bolduk. — Şaguly, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen bedewleri bilen birlikde alabaý itleriniň hem abraý-mertebesi belende göterildi. Şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir wagtda Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilmegi-de munuň aýdyň mysalydyr.

Watan ykbalyny kalbyna besläp

Türkmeniň şöhrata beslenen taryhynda ýagşy gylykly, ynsanperwer Watan ogullary barmak büküp sanardan juda köp bolupdyr. Olaryň aglabasy serkerdeler, pälwanlar, alymlar... Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow hem milletimiziň kalbynda-ýüreginde iň hormatly orny eýeledi. Mälikguly aga barada pikir edenimde, ozaly bilen hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly kitaplary ýadyma düşýär. «Döwlet guşy» romanyndaky: «Oba adamlary Mälikgulynyň haýsy ýylda, haýsy günde doglandygyny, şol gün obada başga nämeleriň bolup geçendigini, Berdimuhamediň aňyrsynyň haýsy abraýly neberedendigini, haýsy gün nähili haýyrly, sogaply işleri bitirip, adamlary begendirendigini takyk aýdyşyp otyrlar. Hakyt janly ensiklopediýa olar!» diýen setirler hiç kimi biperwaý goýmaýar.

Möwsüm jogapkärçiligi talap edýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, lebaply ýüpekçiler hem ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümine uly hyjuw bilen girişdiler. Bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin ýangyna garşy göreş düzgünlerini ýatlatsak, artykmaçlyk etmez. Bu möwsümde, aýratyn hem, gurçuklaryň ýaş wagtynda jaýlary ýyly saklamak üçin ot ýakmaly bolýar. Gurçuk idedilýän jaýlarda bolsa, gamyşdyr kagyz ýaly ýeňil ýanýan zatlar ulanylýar. Şonuň ýaly-da jaýlarda peç oturdylanda, onuň tüsseçykaryjylary diwarlardan çykarylsa talaba laýyk bolar. Köp halatlarda tüsseçykaryjy turbalar jaýyň üstüniň gamyş goýlan ýerlerinden köne bedreleriň içinden ýokary çykarylýar. Bu bolsa ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabyna laýyk gelmeýär. Düzgünnama boýunça tüsseçykaryjylar diwardan çykarylyp, turba bilen jaýyň üstüne goýlan tiz ýanýan zatlaryň galtaşýan ýerlerinde arasy 25 santimetr bolan kerpiçden bölüji örülmeli. Şeýle hem gaty görnüşli ýangyç (odun, kömür we şuňa meňzeşler) bilen işleýän peçleriň aşagynda uzynlygy 70, ini 50 santimetr bolan demir listler berkidilmeli. Bu bolsa köz ýere gaçanda, poluň üstünde ýangyn döremeginden gorap biler. Peçlerde suwuk ýangyçlary (benzin, solýarka, kerosin we şuňa meňzeşler) ulanmak, şeýle hem pejiň uzynlygyndan uzyn bolan odunlary ýakmak gadagan edilýär. Peçleri ýakmagy çagalara ynanmaly däl. Ýakylan peçleri gözegçiliksiz galdyrmak düýbünden gadagandyr.

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Şanly ýylyň taryhy seneleri

Toýlar toýlara ulaşýar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny döredijilikli zähmetiň belent sepgitleri bilen dabaralandyrýar. Her biri özüne mahsus at bilen gelýän ajap eýýamymyzyň ýyllary uly ýeňişlere beslenip, taryhy wakalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu mizemez hakykata döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ýylyň taryhy wakalaryň ýylydygy guwandyrýar.

Ak ganatly ak bedew, sen

Lowurdaýyp nurun saçýan, Dünýä belli ak bedew, sen!

Uly toýa taýýarlyk

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baramy mynasybetli geçirilmeli dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp biziň döredijilik toparymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň welaýat döwlet athanasynda iş saparynda boldy. Şu günler bu ýerde şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Biz iş üstünde, welaýat döwlet athanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Batyr Orazow bilen taýýarlyk işleriniň barşy barada söhbetdeş bolduk. — Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şu aýyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň esasy bölegi biziň gadymy Mary topragymyzda, welaýat atçylyk sport toplumynda geçiriler. Şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri soňky tapgyrlarda alnyp barylýar. 2011-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga berlen welaýat atçylyk sport toplumynda geçirilen durkuny täzelemek işleri toplumyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar.

Wepadarlygyň nusgasy

Täze taryhy eýýamymyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly senesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy ýene bir guwançly waka bilen baýlaşdy. Has takygyny aýtsak, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň fewral aýyndaky Permany bilen Garaşsyz döwletimizde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň baýram edilmegi bellenildi. Munuň özi gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itlerine goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr. Türkmeniň alabaý itleri halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasydyr. Alabaý itleri geçmişde-de türkmeniň wepaly dosty, ygtybarly goragçysy bolup hyzmat edipdir. Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň başlangyjy bilen alabaý tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň geçen — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda çapdan çykyp, okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly eserinde tohum alabaýlar barada diňe bir gymmatly maglumatlar berilmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň köp asyrlyk durmuşynda eýelän orny barada gyzykly gürrüň berilýär. Behişdi bedewlerimiziň milli baýramy bilen bilelikde baýramynyň dabarasy dag aşýan alabaý itlerimiz wepadarlygyň nusgasydyr.

Owadandyr, gözel görklüdir

Türkmeniň köňül buýsanjy, uçar ganaty hasaplanýan behişdi bedewleriň taryhyna ser salanyňda asman giňişligi ýaly giň we çuň hakykatyň ýatandygyny bilmek bolýar. Türkmen ýigidi üçin bedew üsti Süleýmanyň tagty hasaplanýar. Nusgawy şahyrymyz Seýitnazar Seýdiniň: Münende şaý bolsa tükel esbaby,

Atym bar — ganatym bar

Türkmeniň milli buýsanjy bolan bedew atlar biziň halk döredijiligimizde aýratyn şöhlelenýär. Gyzdan gylykly owadan bedewlerimiz diňe bir ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, wepadarlygy, çydamlylygy, gaýratlylygy bilen buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen atşynaslary, seýisleri dünýäni haýran edýän bedewleri ýetişdirip gelipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşynda bedew atyň aýratyn orny bar. Golaýda biz Wekilbazar etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň ýaşaýjysy, 90 ýaşy arka atan atşynas Çerkez Gypykow bilen gürreňdeş bolduk. Şonda biz ondan seýisçilik sungatynyň syrlary barada gürrüň bermegini haýyş etdik.

Behişdi bedewler buýsanjymyzdyr

Her bir milletiň özüne mahsus mukaddeslikleri, milli gymmatlygy, sungat derejesine ýetiren özboluşly aýratynlygy bar. Türkmen ilinde gadymyýetden bäri wepadarlygyň belent nusgasyny özünde jemleýän bedew aty bar. Gadymy çeşmelerde “behişdi”, “asman”, “asylly”, “adaty bolmadyk” diýlip atlandyrylýan türkmen bedewleri şöhraty müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz dünýä medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ajaýyp bedewlerimizi oňat seýisläp, köpeldip, arassa ganlylygyny saklap, nesillerimize galdyrypdyrlar. Türkmenistan behişdi bedewleriň ýurdy hökmünde ir döwürlerden bäri dünýä belli bolan ýurtdyr. Bu barada atşynas, görnükli alym, atlaryň janköýeri, professor W. O. Wittiň: “Türkmen bedewleri şol gadymy arassa ganly atlaryň soňky damjalarydyr. Onuň kömegi arkaly dünýäniň atşynaslyk ulgamynyň ähli medeniýeti kemala getirildi” diýen jümlelerini buýsanç bilen beýan etmek bolar. Türkmen bedewleri örän hyjuwly hem güýçli, eýesine wepaly, gyz gylykly, asylly häsiýetli, paýhasly, özüne bolan hormaty talap edýän jandar hökmünde bütin dünýäde ykrar edilipdir. Ady rowaýata öwrülen asman atlary halkymyzyň uçar ganaty, ylham joşguny, milli baýlygydyr.