Atym bar — ganatym bar

21 Aprel 2021
1524

Türkmeniň milli buýsanjy bolan bedew atlar biziň halk döredijiligimizde aýratyn şöhlelenýär. Gyzdan gylykly owadan bedewlerimiz diňe bir ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, wepadarlygy, çydamlylygy, gaýratlylygy bilen buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär. Türkmen atşynaslary, seýisleri dünýäni haýran edýän bedewleri ýetişdirip gelipdirler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň durmuşynda bedew atyň aýratyn orny bar.

Golaýda biz Wekilbazar etrabynyň Türkmenistan geňeşliginiň ýaşaýjysy, 90 ýaşy arka atan atşynas Çerkez Gypykow bilen gürreňdeş bolduk. Şonda biz ondan seýisçilik sungatynyň syrlary barada gürrüň bermegini haýyş etdik.