Möwsüm jogapkärçiligi talap edýär

21 Aprel 2021
889

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, lebaply ýüpekçiler hem ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümine uly hyjuw bilen girişdiler. Bu möwsümi guramaçylykly geçirmek üçin ýangyna garşy göreş düzgünlerini ýatlatsak, artykmaçlyk etmez.

Bu möwsümde, aýratyn hem, gurçuklaryň ýaş wagtynda jaýlary ýyly saklamak üçin ot ýakmaly bolýar. Gurçuk idedilýän jaýlarda bolsa, gamyşdyr kagyz ýaly ýeňil ýanýan zatlar ulanylýar. Şonuň ýaly-da jaýlarda peç oturdylanda, onuň tüsseçykaryjylary diwarlardan çykarylsa talaba laýyk bolar. Köp halatlarda tüsseçykaryjy turbalar jaýyň üstüniň gamyş goýlan ýerlerinden köne bedreleriň içinden ýokary çykarylýar. Bu bolsa ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabyna laýyk gelmeýär. Düzgünnama boýunça tüsseçykaryjylar diwardan çykarylyp, turba bilen jaýyň üstüne goýlan tiz ýanýan zatlaryň galtaşýan ýerlerinde arasy 25 santimetr bolan kerpiçden bölüji örülmeli. Şeýle hem gaty görnüşli ýangyç (odun, kömür we şuňa meňzeşler) bilen işleýän peçleriň aşagynda uzynlygy 70, ini 50 santimetr bolan demir listler berkidilmeli. Bu bolsa köz ýere gaçanda, poluň üstünde ýangyn döremeginden gorap biler. Peçlerde suwuk ýangyçlary (benzin, solýarka, kerosin we şuňa meňzeşler) ulanmak, şeýle hem pejiň uzynlygyndan uzyn bolan odunlary ýakmak gadagan edilýär. Peçleri ýakmagy çagalara ynanmaly däl. Ýakylan peçleri gözegçiliksiz galdyrmak düýbünden gadagandyr.

Guwanç MYRADOW,
welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 502-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň müdiri, içerki gullugyň maýory.