Watan ykbalyny kalbyna besläp

21 Aprel 2021
927

Türkmeniň şöhrata beslenen taryhynda ýagşy gylykly, ynsanperwer Watan ogullary barmak büküp sanardan juda köp bolupdyr. Olaryň aglabasy serkerdeler, pälwanlar, alymlar... Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow hem milletimiziň kalbynda-ýüreginde iň hormatly orny eýeledi.

Mälikguly aga barada pikir edenimde, ozaly bilen hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» atly kitaplary ýadyma düşýär. «Döwlet guşy» romanyndaky: «Oba adamlary Mälikgulynyň haýsy ýylda, haýsy günde doglandygyny, şol gün obada başga nämeleriň bolup geçendigini, Berdimuhamediň aňyrsynyň haýsy abraýly neberedendigini, haýsy gün nähili haýyrly, sogaply işleri bitirip, adamlary begendirendigini takyk aýdyşyp otyrlar. Hakyt janly ensiklopediýa olar!» diýen setirler hiç kimi biperwaý goýmaýar.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW,
žurnalist.