Uly toýa taýýarlyk

21 Aprel 2021
1373

Aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baramy mynasybetli geçirilmeli dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen gyzyklanyp biziň döredijilik toparymyz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň welaýat döwlet athanasynda iş saparynda boldy. Şu günler bu ýerde şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin köpsanly işler durmuşa geçirilýär. Biz iş üstünde, welaýat döwlet athanasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Batyr Orazow bilen taýýarlyk işleriniň barşy barada söhbetdeş bolduk.

— Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda şu aýyň soňky ýekşenbesinde belleniljek Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň esasy bölegi biziň gadymy Mary topragymyzda, welaýat atçylyk sport toplumynda geçiriler. Şanly toýuň dabaralaryny ýokary derejede geçirmek boýunça taýýarlyk işleri soňky tapgyrlarda alnyp barylýar. 2011-nji ýylyň aprel aýynda ulanylmaga berlen welaýat atçylyk sport toplumynda geçirilen durkuny täzelemek işleri toplumyň mümkinçiliklerini has-da artdyrar.