Şanly ýylyň taryhy seneleri

21 Aprel 2021
819

Toýlar toýlara ulaşýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halky Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyny döredijilikli zähmetiň belent sepgitleri bilen dabaralandyrýar. Her biri özüne mahsus at bilen gelýän ajap eýýamymyzyň ýyllary uly ýeňişlere beslenip, taryhy wakalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu mizemez hakykata döwlet Baştutanymyzyň goldamagynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Kararyna laýyklykda, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda-da göz ýetirmek bolýar. Sebäbi bu ýylyň taryhy wakalaryň ýylydygy guwandyrýar.