Wepadarlygyň nusgasy

21 Aprel 2021
1061

Täze taryhy eýýamymyzyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň şanly senesi — Türkmen bedewiniň milli baýramy ýene bir guwançly waka bilen baýlaşdy. Has takygyny aýtsak, hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň fewral aýyndaky Permany bilen Garaşsyz döwletimizde her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde Türkmen alabaýynyň baýramynyň baýram edilmegi bellenildi. Munuň özi gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itlerine goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr.

Türkmeniň alabaý itleri halkymyzyň asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten gymmatly mirasydyr. Alabaý itleri geçmişde-de türkmeniň wepaly dosty, ygtybarly goragçysy bolup hyzmat edipdir. Bagtyýarlyk döwrümizde milli Liderimiziň başlangyjy bilen alabaý tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň geçen — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda çapdan çykyp, okyjylaryna gowşan “Türkmen alabaýy” atly eserinde tohum alabaýlar barada diňe bir gymmatly maglumatlar berilmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň köp asyrlyk durmuşynda eýelän orny barada gyzykly gürrüň berilýär. Behişdi bedewlerimiziň milli baýramy bilen bilelikde baýramynyň dabarasy dag aşýan alabaý itlerimiz wepadarlygyň nusgasydyr.