"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Ätiýaçlyk gorlary anyklanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak baradaky meseleleri ýakyn geljekde çözülmeli iň wajyp wezipeleriň biri hökmünde öňe sürdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gysga wagtyň içinde welaýat, etrap merkezlerinde, şäherdir obalarda dürli kuwwatlykly arassa agyz suwuny öndürýän desgalar gurlup, ulanylmaga tabşyryldy. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ilaty arassalanan içimlik agyz suwunyň hözirini görüp ýaşaýar. Raýatlaryň baş saglygynyň goraglylygy, ygtybarlylygy ýurdumyzda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Daşoguzyň suw-gözleg ekspedisiýasynyň işgärleriniň welaýatymyzyň giňişliklerinde alyp barýan işleri hem şu maksatlary göz öňünde tutýar. Olar indi köp ýyllardan bäri welaýatymyzyň etraplarynda, oba-kentlerinde ýerasty süýji suwlaryň ätiýaçlyk gorlaryny, göwrümini anyklamakda, suwuň düzümini kesgitlemekde uly möçberli işleri alyp barýarlar. Olar Köneürgenç etrabynyň Pagtaçy, Derýalyk geňeşliklerinde, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Şabat, Gubadag etrabynyň Abadanlyk, Gökýaýla, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Asudalyk, Diýar we Bossan geňeşlikleriniň çäklerinde, Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesiniň çäginde süýji suw ýataklarynyň deslapky barlaglaryny amala aşyrdyla

Giň dünýäniň geň habarlary

UNAŞ TAÝÝARLAÝAN ENJAM Häzirki wagtda öý şertlerinde unaş taýýarlamakda ýakyndan ýardam berýän enjamlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. «Xiaomi» kompaniýasynyň «Kribee Big V Handheld Noodle Maker» atly enjamy 15 sekundyň dowamynda 200 gram unaşy taýýarlamaga ukyplydyr. Onuň kömegi bilen unaş kesmek işi az wagtyň içinde we ýeňil ýerine ýetirilýär. Enjamyň daşky görnüşiniň bezegi «Red Dot 2021» bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy. Enjamyň içki diwarlarynda hamyr galyndylarynyň ýelmeşip galmaýandygy onuň ýene bir aýratynlygydyr. Bu enjam agramynyň ýeňildigi, ulanmaga amatlydygy we aşhanada köp ýer tutmaýandygy bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýär.

Ak mermeri geljegimize nur çaýýar

Ajap eýýamymyzyň ýatdan çykmajak ýyllarynyň biri bolan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ösüş-özgerişli günleri bizi şatlykly senä — ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ýakynlaşdyrýar. Arkadag Prezidentimiziň taryhy waka taýýarlyk görmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän giň möçberli işler il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Baş şäherimiziň baýramçylygy ata Watanymyza guwanjymyzy artdyrýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynyň gürrüňi edilýän senesi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durmuşynda möhüm wakadyr. Sebäbi ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi ata Watanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň şübhesiz subutnamasydyr. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen bagtyýarlyk zamanamyzda paýtagtymyz düýpli ösdi we özgerdi. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şäherimiz Aşgabadyň meşhurlygy dünýä ýaň salýar. Bu bolsa milli Liderimiziň tagallalarynyň miwesidir.

Göwnümizi galkyndyrýar

„Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni bizi mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem amatly şäherleriniň biri hökmünde derejesini gün-günden berkidip, dürli ugurlarda halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň 25-nji maýy “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edildi. Bu baýram indi şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlanylýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäde halkara çäreleriniň, forumlaryň, sergileriň geçirilýän, durnukly ösýän şäherleriň hatarynda tanalýar. Gahryman Arkadagymyzy, bütin türkmen halkymyzy ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Mynasyp garşylarys

Gahryman Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl taryhy wakalar bilen dabaralanýar. Şolaryň birem Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly toýudyr. Bu sene il-günümiziň kalbynda buýsanç duýgusyny döredip, häzirki günlerde barha golaý gelýän uly toýa taýýarlyk giň girime eýe bolýar. Ajap eýýamymyzda ýurt Baştutanymyzyň şähergurluşyk-binagärlik taglymatyndan gözbaş alyp, ägirt uly işler bitirildi. Gözel paýtagtymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi, jenneti mekana öwrüldi. Ak mermerli beýik binalary we desgalary bilen göreni haýrana goýýan ajaýyp keşbi görmäge göz gerek, taryplamaga — söz. Indi “Ak şäherim Aşgabat” diýen jümle halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Bu şanly sene welaýatymyzyň telekeçilerinde-de ýokary ruhubelentligi döredýär. Sebäbi ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň şan-şöhraty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratyny aňladýar. Şonuň üçinem il--günümiz bilen birlikde welaýatymyzyň telekeçilerem uly toýa mynasyp sowgatly barýarlar.

Ady dünýä dolan türkmen halysy

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halyçy gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik yglan etdi. «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» diýlip atlandyrylan bu bäsleşigiň welaýat tapgyry Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirildi. Bäsleşige «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ussat halyçy gelin-gyzlar gatnaşdylar.

Asudalygyň goragynda

Gowy netijeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da ilatyň asudalygy, rahat, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegi üpjün edilýär. Bu mesele möhüm wezipe bolmak bilen, onuň jogapkärçiligem, aladasam ýetik. Sebäbi raýatlaryň asudalygyny goramagyň wezipesi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň paýyna düşüp, bu babatda polisiýanyň ýerli wekilleriniň yhlas-tagallalaryna köp meseläniň çözgüdi bagly bolup durýar.

Medeni ojaklarda ýangyn howpsuzlygy

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäheriniň ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Resul Annanyýazow bilen duşuşdy we medeni ojaklarda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada okyjylara gürrüň bermegini haýyş etdi. — Medeni ojaklara teatrlar, kinoteatrlar, medeniýet öýleri we klublar degişlidir. Bu desgalaryň aýratynlyklary ol ýerlerde adamlaryň köpçülikleýin bolmagydyr. Şol sebäpli ol ýerlerde ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns berilmelidir. Bu desgalarda ýangyn howpsuzlygyna ýolbaşçylar jogap berýärler. Olar öz buýruklary bilen ýangyn howpsuzlygyna jogapkärleri belläp, işgärleriň sany 15 adamdan köp bolsa, meýletin ýangyn toparyny döretmeli. Her bir işgär bilen ýangyn howpsuzlygyndan gözükdirme geçmeli.

Işjeňlige eýe boldy

Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de fabrigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga degişli hünärmenler gatnaşdy. Duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda dokma senagatynyň orny, bu pudagyň işçi hünärmenleriniň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada söhbet açylyp, önümçilik ýerinde zähmeti goramak boýunça kadalary we düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Çykyş edenleriň sanitariýa-arassaçylyk, howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak bilen bagly aýdan gymmatly maslahatlary duşuşyga gatnaşanlarda uly täsirleri döretdi.

Sagdynlygyň sakasy

Sarahs etrabynyň oba geňeşliklerinde we edara-kärhanalarynda ilatyň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak we olaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary tarapyndan wagyz-nesihat häsiýetli şeýle duşuşyklaryň biri-de Hanýap geňeşliginde geçirildi. Duşuşykda howanyň gyzmagy bilen baglanyşykly ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn orun berildi. Bellenilişi ýaly, her bir adam saglygy barada alada etmelidir, arassaçylyk-sanitariýa talaplaryny berjaý etmelidir, sagdyn iýmitlenmelidir. Dürli miweler we ir-iýmişleri mazaly ýuwup iýmelidir.

Dost-doganlygyň nusgalyk ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işler üstünliki durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan ajaýyp eserleri bilen bagtyýarlyk döwrümiz has-da nurlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen milli däp-dessurlarymyz barada gyzykly söhbet açylýar. Şeýle hem onda dost-doganlygy, ynsany birek-birege ýakynlaşdyrmagyň asylly ýörelgeleri aýdyň ýol hökmünde häsiýetlendirilýär. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz eziz Diýarymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da rowaçlandyrýar. Ençeme asyrlardan bäri goňşuçylykda ýaşap, birek-biregiň hormat-sarpasyny ähli zatdan belentde goýýan türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän ynsanperwer syýasaty esasynda has-da ýokary derejelere çykýar. Şeýlelikde, türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara hem-de şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň halkymyzyň ummasyz paýhasyny, ynsanperwerlik we döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eser

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan

Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy bi­ziň ma­ny­ly ýa­şaý­şy­myz­dyr. Bu ga­dy­my Di­ýar­da Wa­tan mer­te­be­si­niň be­lent­li­gi­niň ha­ty­ra­sy­na, äh­li yh­la­sy­ny, gaý­ra­ty­ny ba­gyş eden mer­da­na­la­ryň gö­rel­de­si nus­ga bo­lup ýa­şa­ýar. * * *

Döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde

AŞGABAT, 30-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Hormatly Arkadag Prezidentimiziň döwletlilik ýörelgesi — nesillere görelde” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, pudaklaýyn düzümleriň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, döredijilik intelligensiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek diline neşir edilmegi, iki goňşy ýurduň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli tagallasy netijesinde ösýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, bu ugurlar ýaşlaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelenmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby özbek dilinde neşir edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň özbek dilinde çapdan çykmagy Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze alamaty boldy. Bu neşir iki goňşy halky birleşdirýän, asyrlaryň dowamynda taryhy we medeni taýdan ýola goýlan özara hoşniýetli erke esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Häzirki döwürde türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan has-da baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara we şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir.

Mukaddes aýdaky päkize doga-dilegler kabul bolsun!

Her günüň wakalary ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň öz milli Lideriniň daşynda berkden-berk jebisleşendigini, ýakynu-alysdaky halklar bilen gatnaşyklarymyzyň ynsanperwerlige ýugrulandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Gypjakdaky Baş metjitde beren sadakasy bilen baglanyşykly hem şuny aýdyp bolar. Gahryman Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň nurana günlerinde dünýäden ötdi. Hakyky watançy, ömrüni il-ýurda hyzmat etmäge bagyşlan ynsan, mertligiň, hoşniýetliligiň, asyllylygyň belent nusgasy, ajaýyp mugallym — ine, Mälikguly aga barada biziň her birimiziň ýüregimizde hem aňymyzda şeýle päkize düşünjeler ýaşaýar. Bu düşünjeler halkymyzyň kalbyna ornan, hakydasyndan hiç mahal öçmejek mizemez ynama öwrülendir...

Kämil kanunçylyk binýady — ösüşleriň esasy

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň kanunçylyk esaslary düýpli berkidilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, ata Watanymyzda şahsyýetiň erkin ösmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Esasy Kanunymyzda raýatlaryň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän durmuş we hukuk goraglylygy kepillendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň, ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durmuşynda taryhy wakadyr. Gözel Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, agzybir hem jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjek iki palataly kanun çykaryjy edara berkarar döwletimiziň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokary göterjek çözgütleri kabul etmekde netijeli işleri alyp barar.

Çaga — durmuşyň güli

Täze doglan çagany ýüze sylmak halkymyzyň asylly edähetleriniň biridir. Sebäbi çaga — ynsanyýetiň dowamaty, geljegi. Ony ýöne ýere durmuşyň gülüne deňemeýärler. Şonuň üçinem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe körpejelerimiziň saglygyny gorap saklamaga, berkitmäge dünýä inen gününden başlap üns berlip başlanýar. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň jan saglygy hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda ähli şertleri döredip bermegi bizi çäksiz begendirýär. «Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz çagalaryň saglygyny gorap saklamagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde öňe sürýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ähli raýatlar bilen bir hatarda, göwreli aýallaryň, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň öz saglygyny goramaga bolan hukuklary kepillendirilýän bolsa, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» we beýleki möhüm resminamalar esasynda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde, enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleri,

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

■ «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda «Türkmendemirýollary» agentliginiň hem-de «Demirýollary» açyk görüşli paýdarlar jemgyýetiniň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda «Demirýollary» AGPJ-niň 7-nji şahamçasynyň mejlisler jaýynda «Arkadag taglymaty galkyndyrýar Watany» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga gatnaşanlar ýaşlar barada bimöçber aladalary edýän döwlet Baştutanymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Arzygül DURDYMYRADOWA,«Demirýollary» AGPJ-niň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň uly hasapçysy.

Çaga eziz, edebi ondan hem eziz

«Nesil terbiýesinde türkmençilik ýoly» atly makalalar toplumyndan Halkymyzyň akyl eleginden geçirip, synag degirmeninde üwäp, halallyk jamynda ýugran bu jümlesiniň edil şu günlerde ― tutuş adamzat jemgyýetiniň ösen siwilizasiýasynyň birmeňzeşlige, umumylyga isleg bildirýän döwründe has-da many-mazmuny çuňlaşýar. Sebäbi bagryndan önen perzendinden onuň edebini ýokarda goýan ata-babalarymyz, megerem, şu gadymy nakyly döredende hem dünýäde millet hökmünde ykrar edilmegiň nähili belent derejededigine aňryýany bilen göz ýetiren bolmaly. Ata-babalarymyzyň şeýle asylly ýörelgelerini çuňňur sarpalaýan hormatly Prezidentimiz bu barada her bir çykyşynda belleýär. Kabul edýän döwlet Kararlarynda resmileşdirýär. Milli Liderimiziň 29-njy martda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde «Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky» Karara gol çekmegi onuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda çaga terbiýesiniň baş taglymata öwrülýän döwründe milli edep-ekramyň inçe ýollary, usul-tärleri hakynda gürrüň etmegiň sogaby uludyr.

Bagt paýlaýan mekan

Watan buýsanjy ýüregiňde mäkäm orun tutanda, ýaşamagyň lezzeti başgaça bolýar. Buýsanç duýgusy ýöne ýerden döremeýär. Adamy buýsandyrýan zatlaryň düýp özeninde netijeli zähmet durýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň adynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmeginde hem, asylly zähmetiň, yhlasyň, çuň parasatyň ajaýyp netijesi bar. Eziz Diýarymyzda amal edilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk mekdebiniň beýik binýadydyr. Dünýä täsinlikleriniň hatarynda öňdeligi saklamak üçin kalbyň ganatly, zähmetiň joşgunly bolmaly. 2008-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan «Oguz han we onuň ogullary» täsin suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna «Iň iri möçberli suw çüwdürimler» ugry boýunça girizildi. Onuň düzüminde işi hem-de yşyklandyrylyşy özara ýakyndan sazlaşdyrylan, dolulygyna we köpugurly esasda dolandyrylýan serhowuzlaryň 27-si bar.