Ak mermeri geljegimize nur çaýýar

3 Maý 2021
710

Ajap eýýamymyzyň ýatdan çykmajak ýyllarynyň biri bolan Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ösüş-özgerişli günleri bizi şatlykly senä — ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna ýakynlaşdyrýar. Arkadag Prezidentimiziň taryhy waka taýýarlyk görmek bilen bagly tabşyryklaryndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän giň möçberli işler il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Baş şäherimiziň baýramçylygy ata Watanymyza guwanjymyzy artdyrýar.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň baýram ediljek ýylynyň gürrüňi edilýän senesi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň durmuşynda möhüm wakadyr. Sebäbi ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ajaýyp keşbi ata Watanymyzyň ösüş-özgerişli menzilleriniň şübhesiz subutnamasydyr. Arkadag Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary bilen bagtyýarlyk zamanamyzda paýtagtymyz düýpli ösdi we özgerdi. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan ak şäherimiz Aşgabadyň meşhurlygy dünýä ýaň salýar. Bu bolsa milli Liderimiziň tagallalarynyň miwesidir.