Dost-doganlygyň nusgalyk ýoly

2 Maý 2021
745

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik işler üstünliki durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan ajaýyp eserleri bilen bagtyýarlyk döwrümiz has-da nurlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip gelen milli däp-dessurlarymyz barada gyzykly söhbet açylýar. Şeýle hem onda dost-doganlygy, ynsany birek-birege ýakynlaşdyrmagyň asylly ýörelgeleri aýdyň ýol hökmünde häsiýetlendirilýär.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz eziz Diýarymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da rowaçlandyrýar. Ençeme asyrlardan bäri goňşuçylykda ýaşap, birek-biregiň hormat-sarpasyny ähli zatdan belentde goýýan türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň ýöredýän ynsanperwer syýasaty esasynda has-da ýokary derejelere çykýar. Şeýlelikde, türkmen-özbek hyzmatdaşlygy giň gerimli ugurlary özünde jemläp, many taýdan baýlaşdy. Şunda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda emele gelen ikitaraplaýyn tagallalara hem-de şahsy ynanyşmak gatnaşyklaryna aýratyn orun degişlidir. Munuň şeýledigine milli Liderimiziň halkymyzyň ummasyz paýhasyny, ynsanperwerlik we döwletlilik ýörelgelerini özünde jemleýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp eseriniň özbek dilinde çap edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Jumamyrat ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Kärdeşler arkalaşygynyň başlygy.