Ätiýaçlyk gorlary anyklanýar

3 Maý 2021
1003

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak, olaryň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak baradaky meseleleri ýakyn geljekde çözülmeli iň wajyp wezipeleriň biri hökmünde öňe sürdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bu ugurda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gysga wagtyň içinde welaýat, etrap merkezlerinde, şäherdir obalarda dürli kuwwatlykly arassa agyz suwuny öndürýän desgalar gurlup, ulanylmaga tabşyryldy. Häzirki wagtda welaýatymyzyň ilaty arassalanan içimlik agyz suwunyň hözirini görüp ýaşaýar.

Raýatlaryň baş saglygynyň goraglylygy, ygtybarlylygy ýurdumyzda hemişe ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanýar. Daşoguzyň suw-gözleg ekspedisiýasynyň işgärleriniň welaýatymyzyň giňişliklerinde alyp barýan işleri hem şu maksatlary göz öňünde tutýar. Olar indi köp ýyllardan bäri welaýatymyzyň etraplarynda, oba-kentlerinde ýerasty süýji suwlaryň ätiýaçlyk gorlaryny, göwrümini anyklamakda, suwuň düzümini kesgitlemekde uly möçberli işleri alyp barýarlar. Olar Köneürgenç etrabynyň Pagtaçy, Derýalyk geňeşliklerinde, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Şabat, Gubadag etrabynyň Abadanlyk, Gökýaýla, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Asudalyk, Diýar we Bossan geňeşlikleriniň çäklerinde, Daşoguz şäheriniň Gülüstan şäherçesiniň çäginde süýji suw ýataklarynyň deslapky barlaglaryny amala aşyrdylar. Agzalan çäreleriň çalt durmuşa geçirilmeginde we depginli gitmeginde oba suw üpjünçilik gidrogeologik toparyň başlygy Aşyr Toýlyýew, gidrogeologik surata alyş toparynyň başlygy Madrim Ahmedow, buraw ussasy Aýap Akimow, 1-nji derejeli sürüji Araz Nuryýew, ýaş hünärmenler Wepa Hallyýew, Myrat Bäşew dagy has tapawutlandylar.

Öre HOJAÝEW,
öz habarçymyz.