Çaga — durmuşyň güli

30 Aprel 2021
893

Täze doglan çagany ýüze sylmak halkymyzyň asylly edähetleriniň biridir. Sebäbi çaga — ynsanyýetiň dowamaty, geljegi. Ony ýöne ýere durmuşyň gülüne deňemeýärler. Şonuň üçinem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe körpejelerimiziň saglygyny gorap saklamaga, berkitmäge dünýä inen gününden başlap üns berlip başlanýar. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň jan saglygy hakynda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda ähli şertleri döredip bermegi bizi çäksiz begendirýär.

«Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn edip ýetişdirmegi hem göz öňünde tutýarys» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz çagalaryň saglygyny gorap saklamagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde öňe sürýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ähli raýatlar bilen bir hatarda, göwreli aýallaryň, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň öz saglygyny goramaga bolan hukuklary kepillendirilýän bolsa, häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» we beýleki möhüm resminamalar esasynda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň netijesinde, enelerde we çagalarda köp duş gelýän keselleri, şeýle hem ýokanç keselleri düýpgöter kemeltmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak hem-de kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ýokary netijeler gazanyldy.

Nazmeňli DURDYGYLYJOW,
welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bäbekler bölüminiň müdiri.