Ady dünýä dolan türkmen halysy

3 Maý 2021
724

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli halyçy gelin-gyzlaryň arasynda bäsleşik yglan etdi.

«Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» diýlip atlandyrylan bu bäsleşigiň welaýat tapgyry Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde geçirildi. Bäsleşige «Türkmenhaly» döwlet birleşigine degişli welaýatymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ussat halyçy gelin-gyzlar gatnaşdylar.