Mynasyp garşylarys

3 Maý 2021
750

Gahryman Prezidentimiziň goldamagynda “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyl taryhy wakalar bilen dabaralanýar. Şolaryň birem Aziýanyň merjeni hasaplanýan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uly toýudyr. Bu sene il-günümiziň kalbynda buýsanç duýgusyny döredip, häzirki günlerde barha golaý gelýän uly toýa taýýarlyk giň girime eýe bolýar.

Ajap eýýamymyzda ýurt Baştutanymyzyň şähergurluşyk-binagärlik taglymatyndan gözbaş alyp, ägirt uly işler bitirildi. Gözel paýtagtymyz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi, jenneti mekana öwrüldi. Ak mermerli beýik binalary we desgalary bilen göreni haýrana goýýan ajaýyp keşbi görmäge göz gerek, taryplamaga — söz. Indi “Ak şäherim Aşgabat” diýen jümle halkymyzyň diliniň senasyna öwrüldi. Bu şanly sene welaýatymyzyň telekeçilerinde-de ýokary ruhubelentligi döredýär. Sebäbi ak mermerli şäherimiz Aşgabadyň şan-şöhraty Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň şan-şöhratyny aňladýar. Şonuň üçinem il--günümiz bilen birlikde welaýatymyzyň telekeçilerem uly toýa mynasyp sowgatly barýarlar.