Giň dünýäniň geň habarlary

3 Maý 2021
685

UNAŞ TAÝÝARLAÝAN ENJAM

Häzirki wagtda öý şertlerinde unaş taýýarlamakda ýakyndan ýardam berýän enjamlaryň dürli görnüşleri öndürilýär. «Xiaomi» kompaniýasynyň «Kribee Big V Handheld Noodle Maker» atly enjamy 15 sekundyň dowamynda 200 gram unaşy taýýarlamaga ukyplydyr. Onuň kömegi bilen unaş kesmek işi az wagtyň içinde we ýeňil ýerine ýetirilýär. Enjamyň daşky görnüşiniň bezegi «Red Dot 2021» bäsleşiginde baş baýraga mynasyp boldy. Enjamyň içki diwarlarynda hamyr galyndylarynyň ýelmeşip galmaýandygy onuň ýene bir aýratynlygydyr. Bu enjam agramynyň ýeňildigi, ulanmaga amatlydygy we aşhanada köp ýer tutmaýandygy bilen müşderileriň ünsüni özüne çekýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.