Asudalygyň goragynda

3 Maý 2021
610

Gowy netijeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ähli ýyllarynda bolşy ýaly, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da ilatyň asudalygy, rahat, abadan durmuşda tutanýerli zähmet çekmegi üpjün edilýär. Bu mesele möhüm wezipe bolmak bilen, onuň jogapkärçiligem, aladasam ýetik. Sebäbi raýatlaryň asudalygyny goramagyň wezipesi içeri işler edaralarynyň işgärleriniň paýyna düşüp, bu babatda polisiýanyň ýerli wekilleriniň yhlas-tagallalaryna köp meseläniň çözgüdi bagly bolup durýar.