Kämil kanunçylyk binýady — ösüşleriň esasy

30 Aprel 2021
784

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň kanunçylyk esaslary düýpli berkidilýär. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, ata Watanymyzda şahsyýetiň erkin ösmegi üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Esasy Kanunymyzda raýatlaryň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýän durmuş we hukuk goraglylygy kepillendirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň döwlet gurluşynda täze kanun çykaryjy edaranyň, ýagny Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň döredilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň durmuşynda taryhy wakadyr. Gözel Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, agzybir hem jebis halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat etjek iki palataly kanun çykaryjy edara berkarar döwletimiziň, merdana halkymyzyň abraý-mertebesini has-da ýokary göterjek çözgütleri kabul etmekde netijeli işleri alyp barar.

Muhammetberdi kakaýew,
Magtymguly etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi, 3-nji derejeli ýurist.