Bagt paýlaýan mekan

30 Aprel 2021
840

Watan buýsanjy ýüregiňde mäkäm orun tutanda, ýaşamagyň lezzeti başgaça bolýar. Buýsanç duýgusy ýöne ýerden döremeýär. Adamy buýsandyrýan zatlaryň düýp özeninde netijeli zähmet durýar. Mermer paýtagtymyz Aşgabadyň adynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmeginde hem, asylly zähmetiň, yhlasyň, çuň parasatyň ajaýyp netijesi bar. Eziz Diýarymyzda amal edilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk mekdebiniň beýik binýadydyr. Dünýä täsinlikleriniň hatarynda öňdeligi saklamak üçin kalbyň ganatly, zähmetiň joşgunly bolmaly.

2008-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda gurlan «Oguz han we onuň ogullary» täsin suw çüwdürimler toplumy Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna «Iň iri möçberli suw çüwdürimler» ugry boýunça girizildi. Onuň düzüminde işi hem-de yşyklandyrylyşy özara ýakyndan sazlaşdyrylan, dolulygyna we köpugurly esasda dolandyrylýan serhowuzlaryň 27-si bar.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy.