Mukaddes aýdaky päkize doga-dilegler kabul bolsun!

1 Maý 2021
974

Her günüň wakalary ýurdumyzyň ösüşlerini, halkymyzyň öz milli Lideriniň daşynda berkden-berk jebisleşendigini, ýakynu-alysdaky halklar bilen gatnaşyklarymyzyň ynsanperwerlige ýugrulandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň Gypjakdaky Baş metjitde beren sadakasy bilen baglanyşykly hem şuny aýdyp bolar.

Gahryman Arkadagymyzyň pederi Mälikguly aga dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes bolan Oraza aýynyň nurana günlerinde dünýäden ötdi. Hakyky watançy, ömrüni il-ýurda hyzmat etmäge bagyşlan ynsan, mertligiň, hoşniýetliligiň, asyllylygyň belent nusgasy, ajaýyp mugallym — ine, Mälikguly aga barada biziň her birimiziň ýüregimizde hem aňymyzda şeýle päkize düşünjeler ýaşaýar. Bu düşünjeler halkymyzyň kalbyna ornan, hakydasyndan hiç mahal öçmejek mizemez ynama öwrülendir...

Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”.