Medeni ojaklarda ýangyn howpsuzlygy

3 Maý 2021
650

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Mary şäheriniň ÝHB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Resul Annanyýazow bilen duşuşdy we medeni ojaklarda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada okyjylara gürrüň bermegini haýyş etdi.

— Medeni ojaklara teatrlar, kinoteatrlar, medeniýet öýleri we klublar degişlidir. Bu desgalaryň aýratynlyklary ol ýerlerde adamlaryň köpçülikleýin bolmagydyr. Şol sebäpli ol ýerlerde ýangyn howpsuzlygyna aýratyn üns berilmelidir. Bu desgalarda ýangyn howpsuzlygyna ýolbaşçylar jogap berýärler. Olar öz buýruklary bilen ýangyn howpsuzlygyna jogapkärleri belläp, işgärleriň sany 15 adamdan köp bolsa, meýletin ýangyn toparyny döretmeli. Her bir işgär bilen ýangyn howpsuzlygyndan gözükdirme geçmeli.