Sagdynlygyň sakasy

2 Maý 2021
677

Sarahs etrabynyň oba geňeşliklerinde we edara-kärhanalarynda ilatyň sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak we olaryň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilip durulýar. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem-de saglygy goraýyş edaralary tarapyndan wagyz-nesihat häsiýetli şeýle duşuşyklaryň biri-de Hanýap geňeşliginde geçirildi.

Duşuşykda howanyň gyzmagy bilen baglanyşykly ýüze çykyp biläýjek keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen baglanyşykly gürrüňe aýratyn orun berildi. Bellenilişi ýaly, her bir adam saglygy barada alada etmelidir, arassaçylyk-sanitariýa talaplaryny berjaý etmelidir, sagdyn iýmitlenmelidir. Dürli miweler we ir-iýmişleri mazaly ýuwup iýmelidir.

Maral JUMADURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň hünärmeni.