Işjeňlige eýe boldy

2 Maý 2021
688

Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de fabrigiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga degişli hünärmenler gatnaşdy.

Duşuşykda ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da kuwwatlanmagynda dokma senagatynyň orny, bu pudagyň işçi hünärmenleriniň döwrebap şertlerde zähmet çekmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler barada söhbet açylyp, önümçilik ýerinde zähmeti goramak boýunça kadalary we düzgünleri dogry berjaý etmegiň ýollary dogrusyndaky gürrüňe üns çekildi. Çykyş edenleriň sanitariýa-arassaçylyk, howpsuz zähmet şertleriniň üpjün edilişi, zähmeti goramak boýunça gollanmalaryň göwnejaý ýöredilişi, önümçilikde betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak bilen bagly aýdan gymmatly maslahatlary duşuşyga gatnaşanlarda uly täsirleri döretdi.