Göwnümizi galkyndyrýar

3 Maý 2021
666

„Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň her bir güni bizi mähriban halkymyzyň iň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ajaýyp senelere — Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygyna barha golaýlaşdyrýar. Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem amatly şäherleriniň biri hökmünde derejesini gün-günden berkidip, dürli ugurlarda halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýylyň 25-nji maýy “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edildi. Bu baýram indi şatlyk-şowhuna beslenip, uludan toýlanylýar. Gözel paýtagtymyz häzirki wagtda dünýäde halkara çäreleriniň, forumlaryň, sergileriň geçirilýän, durnukly ösýän şäherleriň hatarynda tanalýar. Gahryman Arkadagymyzy, bütin türkmen halkymyzy ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.