"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk we ynanyşmak filosofiýasy

Agzybirligi baýdak edip geçilen menzilleriň dowamynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlisine wise-başlyklyga saýlanmagy, bu abraýly guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarydyr düzümleri bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklar ýyllaryň synagyndan geçen hyzmatdaşlygyň barha berkeýändiginiň görkezijisidir. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň 5-7-nji iýulda ýurdumyzda saparda bolmagy hem bu aýdylanlaryň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi. Ählumumy gatnaşyklaryň sütüni

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny, Bitaraplyk syýasatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny giňeltmäge hem-de baýlaşdyrmaga, halklaryň arasynda parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmäge, özara bähbitli ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Resmi habar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmek, döredijilik işgärlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrmak, halkymyza medeni taýdan ýokary hilli we döwrebap hyzmat etmek, şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliklerini türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň baýramy görnüşinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi. Resminama bilen Medeniýet hepdeligini geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligine hem-de Ahal welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we olaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Gadymdan gelýän gymmatlyk

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanyp, suw ýakalaryndaky, dag jülgelerindäki, giň sähralyklardaky erkana durmuşy ýaşaýyş üçin saýlap alypdyrlar. Şonuň üçin-de olar gündelik durmuşda ahalteke atyna, düýesine, alabaý itine, tazysyna, elguşuna diňe bir hojalykda ulanylýan jandar däl-de, eýsem, ýakyn ýoldaş, syrdaş, ýardamçy hökmünde uly orun beripdirler. Ahalteke atlary ýaly has giňden meşhur bolmasa-da, türkmen durmuşynda düýe malynyň hem orny uly bolupdyr. Yssa-sowuga çydamly düýeleriň gymmaty sähra ýerlerinde has üýtgeşikdir. Şonuň üçinem oňa halkymyz «sähra gämisi» diýip at beripdirler. Olar sabyrlylygy, agraslygy, agyr ýüki ýeňledýändigi, müňbir derdiň dermanyny eçilýänligi bilen-de sarpalanypdyr. Muny «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen nakylymyz hem doly tassyklaýar.

«Akylly» şäheriň ak ýoly

Gysga wagtyň içinde gözelligiň, täzeçilligiň, bagtyýarlygyň mesgen eýlän mekany hökmünde owazasy dünýä dolan Arkadag şäheri ilkinji ýaş toýuny toýlady. Sebitde ilkinji «akylly» şäher halkara derejeli ylmy maslahatlaryň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň geçirilýän, Türkmenistana gadamy düşen islendik myhmanyň hökman görmeli hasaplap, syýahatçylyk maksatnamasyndan esasy orun berýän künjegine öwrüldi. Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ornaşdyrylmagy netijesinde ýokary tizlikli internetden peýdalanmak mümkinçiligi döredilen Arkadag şäheri bu günki gün «ýaşyl» tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň hem nusgasydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi boýunça «Habitat — III» maslahatynda tassyklanan «Täze şäher gün tertibi» konsepsiýasynyň amala aşyrylmagy netijesinde halkara sylaglarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolan Arkadag şäheri daşky gurşawa aýawly çemeleşmegiň mekdebi diýip hem ynam bilen atlandyryp bileris.

Ady Arşa galan akyldar

Gazagystanyň Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy Edebiýatçy alym Ahmet Mämmedowyň «Magtymguly türki halklaryň edebiýatynda» atly iri göwrümli ylmy işinde türkmen-gazak halklarynyň edebi hyzmatdaşlygynyň taryhy kökleri barada giňişleýin durlup geçilýär. Iki halkyň hem edebi mirasynyň altyn hazynasy hasaplanylýan «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan nusgalyk eserlerdäki keşpleriň we ýordumlaryň arasyndaky bitewi umumylygy, ýakynlygy aýdyň duýmak bolýar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk we ynsanperwer duýgulara ýugrulan şygyrlary gazak halkynyň ýazyjy-şahyrlaryna öz täsirini ýetiripdir. Şahyryň 70-den gowrak şygryny 1947-nji ýylda ilkinji gezek gazak diline terjime eden Gazagystanyň halk şahyry Galy Ormanowyň bitiren hyzmatlary toýly günlerde hormat bilen ýatlanylýar. Pyraga bolan bimöçber söýgüsini bu şahyr «Magtymgulynyň mekanynda» atly şygrynda aýdyň ýüze çykarýar.

Saýlawlar — halkyň ýürek sesi

7-nji iýulda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde bellenilişi ýaly, saýlawlar ildeşlerimiziň ýokary işjeňlik görkezmeginde, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň berjaý edilmeginde bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi. Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleriniň, milli synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde bu möhüm syýasy çärä üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adamyň gatnaşandygy, bu görkezijiniň bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdigi habar berildi. Milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýan raýatlar dalaşgärlik etdiler. Olaryň arasynda döwlet edaralarynyň wekilleriniň, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň bolmagy watandaşlarymyzyň geljegimiziň ösüşleri nazarlaýan başlangyçlara uly jogapkärçilikli garaýandyklarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Medeni habarlar

Halypa nakgaşlaryň sergisi

Şygryýet

Magtymgulynyň şygyrlary Pyragynyň şygyrlarnyň her sözünKalbyma keşdeläp okaýan çagym,Täsin dünýä düşüp, täzeden-täzeDüşünjeler bilen baýlaşýar aňym.

Ýabany balyň tagamy (Hekaýa)

Onuň bu daglara gelmeýänine bäş ýyl gowrak bolupdy. Indi galan ömrüne-de bärik gaýtmak niýetinde ýokdy. Ýöne, ynha, ýene-de gelmeli boldy. Ýok, ol dagda bolmakdan gorkmaýardy. Dag bilen düşünişmegi hem başarýardy. Daglaryň öz kada-kanunynyň bardygyny, şolary äsgermese, heläk bolmagynyň mümkindigini bilýärdi. Daglar ejizi, gorkagy halamaýar. Gaýadan-gaýa dyrmaşyp, dagyň depesine çykmagyň hem ondan seresaply düşmegiň, gaýalaryň bilindäki bir adam zordan sygarlyk geçitlerden geçmegiň, köwdür jaýryklardan aňry ýüzüne bökmegiň özi juda töwekgelçiliklidi. Islendik säwligiň heläkçilige eltmegi ähtimal. Ine, şol säwligi goýbermezlik, ätiýaçly bolmak dag bilen iş salyşýan adam üçin hökmanydyr.

Söýginiň syrly sowaly (Nowella)

Meniň gürrüňini edýän wakam ýokary okuw mekdebini tamamlap, edaralaryň birinde işe başlan döwürlerim bolup geçipdi. Iş otagymyzda özümden başga ýene-de iki işgär oturýardy. Şolaryň biri — Jemal atly gyz bilen işe başlan günümden gep-sözümiz alyşdy. Açyk göwünli hem mylakatly bolansoň, biz onuň bilen edil iki dogan ýaly bolup işleýärdik. Aramyzda hiç hili düşünişmezlik bolmazdy. Ýürek diýeniň saňa geňeşjek bolup duranok, günleriň birinde oňa bolan garaýşymyň dostluga, doganlyga asla çalym etmän ugrandygyny boýun aldym. Soňam şol baradaky pikirler bilen uklap, Jemally düýş bilenem oýanyp ugradym. Ýaman ýeri, ýüregimde söýgi döräli bäri onuň bilen gürleşmäm kynlaşdy. Gürlänimde peltekledim, onuň seredýänini aňanymda büdredim. Jemalyň meni dogany ýaly görýändigini bilýändigim sebäpli, oňa söýgimi bildirmäge ýaýdandym. Ýagdaýymy aýdyp, geňeşeýin diýsem, edarada iç döküşip, syr alyşýan dost-ýarymam ýok. Deň-duşlarymyňam aglabasy gyz-gelinler. Ýöne gönüläp söz aýtmasamam, Jemalyň meniň ýagdaýymdan habarlydygyna ynanýardym. Sebäbi soňky wagtlar özüm oňaýsyz ýagdaýa düşenimde, onda-da nähilidir bir üýtgeşikligiň bolýanyny aňýardym.

Lukman şahyr

Gözläp, gözläp, gözläp sözleň gowsuny,«Magtymguly» atly diwandan tapdym. Men bu setirleri zehinli şahyr Öwez Sähetdurdyýewiň şahsy öý arhiwinden çykan «Tapdym» diýen goşgusyndan aldym. Dogrudan-da, zehin lybasyny geýip, ylham atyna atlanan her bir şahyr ýürek joşgunyny ile ýaýmak üçin sözleriň şirinden-şirinini gözleýär. Öwez Sähetdurdyýew ýaly il saglygynyň goragynda kyrk ýyl bir egne zähmet çeken lukman üçin bolsa sözleri taraşlap aýtmak ilkinji zerurlyk. Onda-da ýürek lukmanyna salyhatly, sypaýy, hoş sözli bolmak ýaraşýar. Zandynda şahandazlyk, şahyranalyk bolan Öwez lukmanyň zybanyna hoş sözler öz-özünden gelibererdi. Ol ýürekden yza çekip gelýänlere salamlaşyp duran pursatyndan bir bent goşgy aýdyp, syrkawyň göwnüni götermegi endik edinipdi. Şeýdip adamlaryň ýüregini hem el bilen, hem dil bilen bejererdi. Çünki ol ynsanyň içki gözelligini duýup, oňa sarpa goýmagy, durmuşdaky ähli zada ýagşy niýet bilen garamagy başarýardy. Ýagşylyga durky bilen köňül goýýardy. Bu babatda onuň «Ýagşy niýet bilen» diýen goşgusynda şeýle diýilýär:

Türkmen edebiýatynyň uly dosty

Suratda: (çepden) Arseniý Tarkowskiý, Tatýana Ozerskaýa, Nargylyç Hojageldiýew, Italmaz Nuryýew, Nury Baýramow. Magtymguly Pyragynyň baý şahyrana mirasyny rus diline terjime etmäge saldamly goşant goşan ussatlaryň biri, rus şahyry we terjimeçisi Arseniý Aleksandrowiç Tarkowskiý 1907-nji ýylyň 12-nji iýunynda Herson guberniýasynyň Ýelisawetgrad şäherinde dünýä inýär.

Magtymguly Pyraga (Aýdym)

Şygyrlardan paýhas dagyn döredip,Halkynyň halyny syzandyr şahyr.Hak kelamyn sada dilde zer edip,Altyn sözler bilen ýazandyr şahyr. Azym sen, alym sen, iliň guwanjy,Bir biziň däl, sen jahanyň dür-genji.Aryflykda başa geýipsiň täji,Ylahy ylhamyň ezelden, şahyr.

Kalp desterhany

Ýakynda Tehniki ylymlaryň kandidaty, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri, şahyr Rejepmyrat Allaberdiýewiň Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan «Waspyň dilimde, Watan!» atly ilkinji kitaby neşir edildi. Oba hojalyk işgäri bolmagyna garamazdan, eline galam alyp, Diýarymyzyň waspyny ýetirýän şahyryň şygyrlarynyň süňňünden Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de ata Watanymyzyň ösüşleriniň waspy, milli gymmatlyklarymyza sarpa, dost-doganlygyň gymmaty, ata-enäniň mähribanlygy, päk söýgi baradaky duýgy-düşünjeler eriş-argaç bolup geçýär. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Rejepmyrat Allaberdiýewiň bu goşgular ýygyndysy «Arkadagly Gahryman Serdarymyz — şöhrat-şanymyz», «Mähriban Watanym — buýsanjym, bagtym», «Gözellik älemi», «Mukaddes toprak», «Maşgala daragty» ýaly bölümleri öz içine alýar.

Doly dileg (Tymsal)

Bir gezek arzuw etmek barada gürrüň çykanda enemiň: «Ýagşylygy-da, arzuwy-da doly etmelidir» diýen sözleri ýadymdan çykanok. Birbada onuň aýdanlaryna düşünmedim. Şonda enem şeýleräk bir tymsaly gürrüň beripdi: Gadym döwürlerde güzeranyny zordan aýlap ýören bir goja kempiri bilen ýaşap ýören ekeni. Ol çölden odun çöpläp getirip, bazarda satyp, güzeran aýlaýan ekeni. Iki sanyjak towugynyň ýumurtgalarydyr arryk sygrynyň süýdem kempir ikisine huruşlyk bolýar ekeni. Bir gün olaryň gapysyndan derwüş sypatly bir myhman gelýär. Ol özüniň ýagşyzadadygyny, biraz dynç almak üçin gelendigini aýdýar. Goja muňa juda begenip, kempirine bolanja zatlardan saçaga goýmagy tabşyrýar. Kempirem aýdylyşy ýaly edýär. Emma myhman ertesi-de gitmeýär. Berere zady bolmansoň, goja towuklaryň birini soýýar. Ýöne myhman iki towugyň etini iýip bolansoňam gitmelidir öýtmändir. Şondan soň goja öz ýanyndan: «Beýle myhman hemmäň gapysyndan gelip duranok, gysylmaýyn» diýip, ýekeje sygryny-da soýýar. Emma ýagşyzada sygryň soňuna çykansoňam gitmeýär. Şondan soň goja myhman gidensoň boşatmagy şertleşip, goňşularynyň birine köneje külbesini-de satýar. Gojadyr kempirde halys hezzet edere ýagdaý galmandygyna ymykly göz ýetirensoň, myhman hoşlaşyp gidýär. Diňe şondan soň goja eden işine göz ýetirýär. Kempiriniň gözüne garamaga bogny ysmadyk goja çöl-beýewana çykyp, Allatagala ýüzlenýär: «Eý Ýaradan, bu zatlaryň ählisini

Pyragynyň paýhas hazynasy

Halkymyz baldan süýji görýän balasynyň edebini ähli zatdan ýokarda görýär. Sebäbi edep onuň geljekki jemgyýetdäki ornuny, abraý-mertebesini kesgitleýän ölçeg çelgisi bolup durýar. Hut şonuň üçin-de Magtymguly Pyragy öz şygyrlarynda nesil terbiýesi meselesine kän ýüzlenipdir. Bu bolsa ol şygyrlaryň halkyň ýüreginden orun almagyna, ömrüniň asyrlar aşmagyna ýol açypdyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew häsiýetli, durşy bilen pelsepä, watansöýüjilik duýgusyna ýugrulan şygyrlary diňe bir döwürdeşleriniň däl, eýsem, halkymyzyň ähli nesilleriniň ýürek aýdymyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň:

Görk agyzdan

Sagdyn bolmak üçin esasy şertleriň biri sagdyn iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenme süýjüli diabetden, ýürek gan-damar kesellerinden, insultdan we beýleki ýokanç däl kesellerinden goraýar. Häzirki wagtda dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermeli. Her gün ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli.

«Düýäm bar dünýäm bar»

Ajaýyp zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. «Sähra gämisi» diýip at berlen sabyrly, agras, ýüňüdir çaly müň bir derdiň dermany bolan düýe maly hem halkymyzyň gymmatly hazynasydyr. Ýakynda, ýagny 10-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde türkmeniň dünýe malyna deňän düýe malyna we düýe bezemek däplerine bagyşlanyp ilkinji gezek «Türkmenlerde düýe bezemegiň gadymy däpleri» atly sergi açyldy. Sergide halkymyzyň geçmiş taryhynyň aýrylmaz bölegi bolan düýeler we olaryň bezeg esbaplary — inçeden sünnä edilip dürli keşdeler bilen keşdelenen guramalar, düýebaşlyklardyr düýehalyklar sergä gelenlerde uly täsir galdyrýar.

Halklary birleşdirýän gymmatlyklar

Magtymguly atamyzyň: «Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň, ýok gardaş» diýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürip, halklaryň arasynda dostluk köprülerini gurýar. Dostanalyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Diýarymyzyň iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary-da barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň abraýly halkara düzümleriň çäklerinde geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklara, şol sanda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerine yzygiderli gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyzy Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Hoşniýetli erk-isleg, taryhda emele gelen medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bu gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin ygtybarly binýat bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň geçen ýyl sanly ulgam arkaly geçirilen 23-nji mejlisinde eden çykyşynda bu barada: «Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklar Türkmenistan üçin halkara hyzmatdaşlyk strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu guramanyň agzalary, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şoňa görä-de, bu gurama bilen gatnaşyklary ösdürmäge biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltme