Saýlawlar — halkyň ýürek sesi

11 Iýul 2024
107

7-nji iýulda ýurdumyzda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçirildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisinde bellenilişi ýaly, saýlawlar ildeşlerimiziň ýokary işjeňlik görkezmeginde, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň berjaý edilmeginde bäsdeşlik, aýanlyk, açyklyk ýörelgeleri esasynda geçdi.

Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleriniň, milli synçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde bu möhüm syýasy çärä üç saýlaw okrugynyň çäginde ýaşaýan 79 müň 121 adamyň gatnaşandygy, bu görkezijiniň bellige alnan saýlawçylaryň umumy sanynyň 91,32 göterimine deňdigi habar berildi. Milli parlamentde öz saýlawçylaryna wekilçilik etmek hukugyna watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we abraýdan peýdalanýan raýatlar dalaşgärlik etdiler. Olaryň arasynda döwlet edaralarynyň wekilleriniň, dürli pudaklaryň hünärmenleriniň, ykdysadyýet, bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň işgärleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň bolmagy watandaşlarymyzyň geljegimiziň ösüşleri nazarlaýan başlangyçlara uly jogapkärçilikli garaýandyklarynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Amangeldi ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kätibi.