Aýdyň maksatlar — aýdyň menziller

18 Iýul 2024
205

Berkarar döwletimiziň dünýäniň syýasy, ykdysady giňişliginde özüniň ornuny pugtalandyrmagy, maksatnamalaýyn esasda, arabaglanyşykly, utgaşykly ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenýän ykdysady strategiýasynyň görkezijisi bolup durýar. Ajaýyp zamanamyzda asyrlary nazarlaýan tutumlaryň başlangyjyny goýýan wakalaryň her biri göwünlere ganat bagladýar. Her bir başlangyjyň üstünlige beslenmegi bolsa ösüşlere tarap barýan ýolda halkymyzyň öňünde anyk maksatlaryň, kesgitli wezipeleriň goýulýandygy, olary amala aşyrmak üçin mynasyp şertlerdir mümkinçilikleriň döredilýändigi bilen baglanyşykly. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň öňümizdäki alty aýynyň hem il-ýurt bähbitli işlere, üstünliklere, halkara ähmiýetli wakalara beslenjekdigine hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdylanlardan hem göz ýetirdik.

Geçirilen giňişleýin mejlisde 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda durmuşa geçirilen işleriň jemlerini jemlemek bilen bir hatarda öňde durýan wezipeler hem kesgitlenildi. Mejlisiň barşynda degişli ýolbaşçylaryň hormatly Prezidentimize beren hasabatlary geçen ýarym ýylda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda görlen çäreleriň netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşiniň üpjün edilendigini äşgär görkezdi.

«Edebiýat we sungat».
Beýleki habarlar